«Belet 4.0» hyzmatynda täze abunalyk ulgamy işe girizilýär: «birnäçe aýlyk» nyrhnamany satyn almagyň ýerine ulanyjylar içerki balansyny dolduryp bilerler, nyrhnamanyň bahasy bolsa her aýda balansdan alnar. Bu format platformany ulanmagy has amatly we aňsat edýär.
Ýeterlik serişde ýok bolsa, ulgam awtomatiki usulda balansy doldurmagyň zerurlygy barada habar berer, ony bolsa profilde görmek mümkindir. Ulanyjylar abunalygy duruzyp, islän wagty dowam etdirip, şeýle hem «Standard» we «Premium» nyrhnamalary beýlekisine çalşyp bilerler.
Kompaniýanyň bellemegine görä, bu üýtgeşmeler amallaryň aç-açanlygyny we abunalyga doly gözegçilik etmegi üpjün eder.
