Adam bedeni dürli tizlikde garraýar. Takmynan 50 ýaşda öwrülişik pursady başlanýar, şonda bedeniň garramak tizligi köp esse çaltlanýar. Özem şonda käbir beden agzalary has tiz garraýar.
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary birnäçe müň adamda geçirilen ylmy barlaglar netijesinde şeýle netijä geldiler diýip, «MIR 24» habar berýär.
Alymlar seljerişler üçin bedeniň birnäçe ulgamynyň, şol sanda immun, iýmit siňdiriş we ýürek-damar ulgamlarynyň biologik nusgalaryny aldylar. Synaga 14-den 68 ýaşa çenli bolan 76 adam gatnaşdyryldy.
Alnan nusgalary öwrenmek netijesinde alymlar dürli keseller bilen utgaşýan beloklar toplumyndaky üýtgeşmeleriň 45-55 ýaşlarda peýda bolýandygyny kesgitlediler.
Has çynlakaý özgerişlikler adam bedeniniň ýüregiň çep aşgazanjygyndan gözbaş alýan iň uly gan damar ulgamy — aortada ýüze çykaryldy. Hünärmenler alnan beloklaryň birini synag syçanlaryna goýberip, oalrda tiz garramagyň alamatlaryny hasaba aldylar.
Ylmy barlagyň awtorlary garramagyň gyradeň geçmeýändigini belleýärler. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu işde gan damarlary aýgytly hyzmaty bitirýärler, ol adam bedeniniň dürli ulgamlaryna garramagy ýaýradýan jisimi eltýärler. Ylmy işiň netijeleri «Nature» žurnalynda çap edildi.
Hünärmenler bu meseläniň çuň öwrenilmeginiň geljekde garramagyň öňüni almaga mümkinçilik berjekdigine umyt edýärler.
