Amerikaly aýdymçy Madonna agyr bakterial infeksiýa sebäpli hassahana düşdi we ondan çykandan soň hem özüni ýarawsyz duýmagyny dowam edýär diýip, «Kommersant» habar berýär.
24-nji iýunda aýdymçynyň öýünde huşsuz haldaka üstünden bardylar we gyssagly hassahana ýerleşdirdiler. Dört günden soň ony öýüne iberdiler, emma Madonnanyň özüni duýuşy öňküsi ýaly ýaramaz ýagdaýda – ol düşekden turmaýar we ýürek bulanmadan ejir çekýär.
Aýdymça ýakyn çeşmeler onuň uzak wagt bäri ýarawsyzdygyny, emma muny gizländigini, çünki onuň konsert gezelenjini iýulyň ortalaryna başlamagy meýilleşdirendigini habar berdiler. Madonna gastrol çykyşlary başlanmanka sagalmagy umyt edýär, emma onuň ýakynlary konsertleri has giçki senelere süýşürmegi yzygiderli maslahat berýärler.