Turkmenportal logo
Düýn 16:08
75897589
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly zenan telekeçiler «Women in tourism-2026» III forumyna gatnaşdylar
Surat: gov.uz

Golaýda Nukus şäherinde Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk pudagynda zähmet çekýän telekeçi zenanlarynyň gatnaşmagynda «Women in tourism-2026» III forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar 

Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň habar bermegine görä, bu abraýly çäre ýerli işewürler bilen bir hatarda, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan 200-e golaý zenan telekeçini, syýahatçylyk pudagynyň bilermenlerini, halkara guramalaryň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Forum syýahatçylyk pudagyndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we bilelikdäki taslamalary döretmek üçin möhüm gepleşik meýdançasy bolup hyzmat etdi.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar üçin sergi, B2B duşuşyklary we işewürlik gepleşikleri guraldy. Bu bolsa täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, maýa goýum we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik döretdi.