Turkmenportal logo
Düýn 15:50
74557455
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda ilkinji AES-niň gurluşygyna badalga berildi
Surat: uzdaily.uz

Özbegistanyň Jyzak oblastynda anna gününe geçilýän gije ýurduň ilkinji atom elektrik bekediniň birinji blogunyň gurluşygyna bagyşlanan dabara boldy, bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Özbegistandaky gurluşyk meýdançasy bilen ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Russiýanyň lideri Wladimir Putiniň Sankt-Peterburg şäherinden gatnaşmaklarynda teleköpri görnüşde geçirilen dabarada iki ýurduň döwlet Baştutanlary bekediň düýbüni tutmaga ak pata berdiler.

Ş.Mirziýoýew öz çykyşynda atom bekediniň doly kuwwatynda işe girizilmeginiň ýurtda elektrik önümçiligine uly goşant goşjakdygyny belledi.

Bekediň gurluşygynyň Halkara atom energiýasy agentligi (MAGATE) tarapyndan hemişelik gözegçilikde alnyp baryljakdygy habarda bellenýär.