Turkmenportal logo
Düýn 12:14
1043710437
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birmingem şäherine musulman häkim bellendi
Surat: gazeta.ru

Beýik Britaniýanyň Londondan soňra ikinji iri şäheri bolan Birmingeme asly Pakistandan bolan Zakir Çaudhri häkim bellendi, ol şäheriň taryhynda ilkinji musulman ýolbaşçydyr. Bu barada şäher geňeşiniň resmi saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

«Geo News» teleýaýlymy Çaudhriniň şäher geňeşiniň binasynda geçirilen wezipä girişmek dabarasynda musulman dindarynyň täze ýolbaşçynyň saglygyny we işinde üstünlik diläp doga okandygyny habar berdi.

Birmingem soňky onýyllyklarda göçüp gelýänleriň köpelmegi sebäpli düýpli özgerdi. Häzir şäheriň ilatynyň agramly bölegini Günorta Aziýadan göçüp baranlar we musulman jemagatyň wekilleri tutýar.

Beýik Britaniýanyň paýtagty Londona hem 2016-njy ýyldan bäri pakistan asylly musulman-häkim Sadyk Han ýolbaşçylyk edýär.

Öňräk Nýu-Ýorkuň häkimi-de musulman Zohran Mamdani boldy.