Turkmenportal logo
Düýn 12:11
98159815
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gazagystanyň parlamentiniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

22-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny, köp asyrlyk türkmen-gazak strategik gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. 

Milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa bu duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.