Turkmenportal logo
Düýn 10:31
76487648
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistan söwda ulgamyny özgertmekde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girdi
Surat: avesta.tj

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasy Täjigistany 2022-2024-nji ýyllar üçin Ýewropada hem-de Merkezi Aziýada amatly söwda gurşawyny döretmekdäki kabul eden çäreleri üçin söwda ulgamynda iň uly özgerişlikleri geçiren öňdebaryjy ýurtlaryň üçlügine girizdi. Bu barada Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligine salgylanýan «Khovar.tj» habar berdi.

Bu ugurda geçirilen seljermelere laýyklykda, söwda amallarynda kagyz päsgelçilikleri azaltmakdaky ortaça görkeziji 2022-2024-nji ýyllar aralygynda Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda 3,1 göterimi düzüpdir, şol birwagtda Täjigistanyň görkeziji 12 göterimden hem geçipdir, bu bolsa gümrük päsgelçiliklerini aradan aýyrmakda uly netijedir.