Turkmenportal logo
Düýn 10:17
78077807
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokaýew medeniýet we sungat işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy
Surat: astanatv.kz

Gazagystanda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň medeniýet we sungat işgärlerini sylaglady. Akordada bolan dabarada ol Respublikanyň medeniýetiniň türk siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegidigini nygtady diýip, «MIR 24» ýazýar.

Gazak lideri medeniýet ulgamyny goldamagyň indi döwletiň Konstitusion borjudygyny aýtdy. Gazagystanyň hökümeti žyrau, terme we kýuýa şygryýetini ösdürmäge aýratyn üns bermekçi. Tokaýew şunuň bilen baglylykda, ýurtda «Asyl mura» diýen täze milli baýragyň esaslandyrylýandygyny, onuň degişli ministrlik tarapyndan hödürnama esasynda döwlet Baştutanynyň karary bilen zehinli medeniýet we sungat wekillerine gowşuryljakdygyny habar berdi.

«Heniz gazak dombrasynyň owazy ýaňlanýarka, biziň milli ruhumyz öçmez. Ýurdumyzda täze baýragyň döredilendigine örän şat. Bu däp bolup gelýän döredijiligiň ösdürilmegine ýardam berer. Sebäbi milli özboluşlylygy wasp edýän artistlerimiz gaty kän» diýip, «Otan» ordeniniň eýesi, aýdymçy Tatýana Burmistrowa gürrüň berýär.

Her ýylyň 21-nji maýynda Respublikada Medeniýet we sungat işgärleriniň güni baýram edilýär. Bu ýyl döwlet baýraklaryna ulgamyň 120 wekili mynasyp boldy.