Fransiýanyň öňki Hökümet başlygy we «Galkynyş» Prezident sosial-liberal partiýasynyň başlygy Gabriel Attal 2027-nji ýylda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny aýtdy. Bu barada «Le Figaro» gazetine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Attal gelen karary barada Oksitaniýa sebitiniň Mýur-de-Barres obasynyň ýaşaýjylary bilen duşuşykda yglan etdi.
Öň Prezident wezipesine dalaş etmekçidigi barada sagçymerkezçi «Gözýetimler» partiýasynyň başlygy Eduard Filipp hem yglan edipdi.
Pikir soralyşyga görä, 2027-nji ýylda boljak saýlawlara dalaşgärleriň hatarynda «Milli bileleşik» sagçy milli partiýasynyň başlygy Žordan Bardellanyň mümkinçiligi ýokarydyr.
Fransiýada Prezident saýlawlary 2027-nji ýylda bolar. Häzirki Prezident Emmanuel Makron bu wezipede ikinji möhletdedigi sebäpli saýlawlara gatnaşyp bilmez.