ABŞ-da Luis Salazar atly erkek kişi tapan 30 müň dollaryny gowşurmak üçin puluň eýesini birnäçe gün gözledi diýip, «Good News Network» neşiri habar berdi.
Luis Salazar söwda merkezinde biliňe daňylýan torbajygy tapdy. Ol söwda merkeziniň işgärlerine pul tapandygyny habar berdi. Emma olar pul ýitiren adamyň özlerine ýüz tutmandygy barada jogap berdiler. Salazar torbajygy açyp görende, onuň içinde 30 müň dollaryň bardygyny anyklady.
Ol puly eýesine gowşurmak kararyna gelip, birnäçe gün sorag-ideg etdi. Ahyrynda torbajygyň eýesi polisiýa ýüz tutdy, synlaýyş kamerasynyň kömegi bilen poliseýler Salazary tanadylar hem-de onuň bilen habarlaşdylar.
«Torbany berenimde, ol aglap meni gujaklady» diýip, Luis gürrüň berdi.
Özüni gizlin galdyrmak islän puluň eýesi Salazaryň adamkärçiligine haýran galýandygyny aýtdy. «Pikir ediň görüň. Bu durmuşyňy özgerdip biljek pul ahyryn, özem az-küş däl» diýdi.
Salazaryň özi bu eden ýagşy işinde hiç hili gahrymançylyk görmeýändigini aýdýar. «Goýmadygyňy göterme diýişleri ýaly, olar öz pulum däl ahyryn. Maňa enem-atam asylly terbiýe berdiler» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.