Turkmenportal logo
18.05.26
95359535
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginde Bolgariýanyň wekili ýeňiş gazandy
Surat: interfax.ru

Halkara «Ýewrowideniýe-2026» aýdym bäsleşiginde Bolgariýadan wekilçilik edýän aýdymçy zenan Darina Ýotowa (DARA) ýeňiji diýlip yglan edildi. 70-nji ýubileý bäsleşik geçen şenbede Wenadaky «Winer-Ştadthalle» stadionynda geçdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.

Eminler toparynyň hem-de tomaşaçylaryň ses bermegi netijesinde, DARA bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda 516 utuk gazandy.

Awstriýa bäsleşigi üçünji gezek geçirdi. 2026-njy ýylda bu ýurt 2025-nji ýyldaky bäsleşikde aýdymçy JJ «Wasted Love» diýen aýdymy bilen ýeňiş gazanandan soňra bäsleşigi geçirmek hukugyna eýe boldy.

«Ýewrowideniýe-2026» aýdym bäsleşigi 1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär.