Turkmenportal logo
17.05.26
1331013310
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Eziz doganlar Keramika» zawody KazanForum2026 sergisinde keramika önümleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistanyň keramiki örtgüleri we keromogranit öndürýän «Eziz doganlar Keramika» kärhanasy «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XVII Halkara ykdysady forumynda öz önümleri bilen tanyşdyrdy. Zawodyň sergisi bilen Russiýanyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Marat Husnullin, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş-jemagat hojalygy ministri Irek Faýzullin tanyşdylar.

Önümçilik müdiri Gadam Hoşwagtow 40x80 we 60x120 santimetr ölçegdäki iri formatly keromogranitiň nusgalaryny görkezdi. Sergide mermer we daş görnüşindäki Calacatta Marble, Carrara Gray, Marble Beige, Travertin we Siena görnüşleri, şeýle hem häzirki zaman dizaýndaky Terrazzo, Concretto Gray, Awaza we Granit toplumlary hödürlenildi.

KazanForum adatça Russiýa bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmen öndürijisiniň bu foruma gatnaşmagy zawodyň gurluşyk materiallary bazaryndaky önümleriniň Russiýanyň bazaryndaky ornuny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.