Soňky habarlar

Arhiw

Zehinli çagalara mahsus aýratynlyklar

0
6674

Her bir perzendiň özboluşly ukyp-zehin bilen dünýä inýändigi gadymdan bäri aýdylyp gelinýän hakykat. Ata-eneler, terbiýeçiler, mugallymlar çaganyň ukyp-zehinine, başarnygyna näçe ir göz ýetirseler, ol şonça-da gowy görülýär. Çaganyň haýsy ugurda üşük-zehininiň agdykdygyny bilmek geljekde oňa sowat-bilim öwredilende degerli we juda ähmiýetli usuly saýlap almaklyga kömek edýär. Gadymy alymlaryň eserlerinde «Hiç bir ene-ata, mugallym çagasynyň zehininden gapyl galmaly däldir. Oňa biperwaý garalmagy geljekde ummasyz hasyl berjek miweli daragtyň ýöne bir çybyk bolup galmagyna sebäp bolan ýalydyr» diýen ajaýyp pikir öňe sürlüpdir.

Zehinli çagalar aşakdaky akyl aýratynlyklary bilen hem tapawutlanýar:

Dil ösüşi, şonuň bilen birlikde dil öwrenmek ukyby örän ýokary bolup, olar daşary ýurt dillerini tiz özleşdirýärler.

Okamak derejesi babatda, şeýle hem kitaby çalt okamakda we tiz düşünmekde özünden iki ýa-da üç ýaş ulularyň derejesinde tapawutlanyp bilýärler.

Olar mantykly (logiki) pikirlenişe hem eýedir. Okap, öwrenen zadyny ýadynda saklaýarlar, mantykly pikirlenmä eýe bolýarlar. Özüne gelip ýetýän maglumatlardan peýdalanyp bilýärler.

Olaryň käbirleri hasaplamakda, täze pikirleri oýlap tapmakda aýratyn ukyba eýe bolýarlar. Okaýan, öwrenýän zatlaryny zoraýakdan, aňa agram salyp ýat tutmaýarlar, höweslenip, bilesi gelip ýat tutýarlar. Olar kitap okamaklyga aýratyn höwesek bolýarlar.

Sebäpleri, wakalary seljerip, çuňňur düşünip we tejribe geçirip görmäge başarnykly bolýarlar.

Akyl bilen bagly müşgil meseleleri hem ýokary derejede çözmäge synanyşýarlar we baş alyp çykýarlar.

Aňsat we çalt öwrenýärler.

Medeni, aň-bilim we pikirleniş jähetindäki ýazgylary okamagy halaýarlar.

Işlere nähili çemeleşmelidiklerini, neneňsi girişmelidiklerini öňünden görmäge ukyply bolýarlar.

Höwesdir islegleri köp ugurly bolýar. Mysal üçin markalary, walýutalary, suratlary ýygnamak ýa-da käbir ussat adamlar hakdaky wakalary toplamak.

Öz işlerini özbaşdak bitirmegi halaýarlar.

Bir zady gaýta-gaýta ýerine ýetirmäge ýa-da birsyhly (rutin) usullar arkaly ýerine ýetirmäge sabyr-takatlary ýetmeýär, olar täzeçillige ymtylýarlar.

Dessine göz gezdirip, makul jogaby tapmaga ukyply bolýarlar.

Okuw derslerini özleşdirmekde adaty çagalardan mese-mälim tapawutlanýarlar.

Geljek hakda pikir etmäge, göwün ýüwürtmäge we zatlaryň düýp sebäbine düşünmäge höwesek (berlen) bolýarlar.

Ir ýaşlaryndan başlap kitaba muşdak bolýarlar.

Köp ugurly, köp taraply bolýarlar. Adatça zehinli adamlar diňe bir ugur bilen çäklenmeýärler.

Olar bir zada uzak wagtlap ünsüni jemläp bilýärler.

Mugallymlar zehinli çagalary ýüze çykaryp, olara ukyp-başarnyklaryna görä çemeleşseler, geljekde datly miweleri eçiljek sagdyn daragty ösdürip ýetişdiren dek bolarlar.

Çeşme: "Mugallymlar gazeti", 21.12.2020 ý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar