10 müň sagatda geniý bolup bolar

0
5125

Eger siz geniý bolmak we gaýtalanmajak derejedäki ajaýyp eseri döretmek isleýän bolsaňyz, onda size bary-ýogy 10 müň sagat gerek. Hawa, «bary-ýogy» — bu kinaýa. Munuň aňsat boljagyny hiç kim aýtmaz. Siz bolsa häli-häzir hem jadyly gerdejigi gözläp ýörsüňizmi?

Malkolm Gladuel döredijilik babatda üstünligiň şertleriniň biriniň öwrenmäge sarp edilen 10 000 sagat görnüşindäki çynlakaý zähmet çekmelidigini belleýär. Öz döredijiligiňizi ösdürmek üçin yhlasly çekilen zähmet. Ol «Geniýler we autsaýderler» diýen kitabyny ýazdy. Bu ähli ugra degişlidir: ýazyjylyga, biznese, şou-biznese, sungata, inženerlige we beýlekilere.

Kinolarda we telewideniýede häli-häzir hem amerikan arzuwyny gaýta-gaýta hödürleýärler we adamlaryň «birdenkä» geniý bolup, ukyp-başarnyklaryny açyşlaryny görkezýärler.

Emma ýyllarboýy çekilen jepaly zähmet we ägirt uly yhlas görünmän galýar.

Eger halaýan işiňe ýürekden berlip, yhlas etseň, geniý bolmak mümkindir. Geniý bolup dogulýan ýok, bu derejä kem-kemden ýetilýär. Eger kitaba ynansaň, alagetdän, meşhur hem zehinli halda oýanaýan bir adam hem ýok, hemişelik tejribede bolman, ýokary ussatlyk derejesine ýeten hiç kim ýok.

Islendik bir ugurda dünýä derejesindäki iň gowy ekspert bolmak üçin 10 000 sagatlyk tejribe gerek. 10 müň sagat — 10 ýylyň dowamynda günde 3 sagatlyk iş tejribesidir. Gündelik 3 sagat bu beýle bir köp hem däl ýaly.

Emma o diýen bir az hem däldir.

Hawa, eger siz bu gün öz isleýän ugruňyzy tapan bolsaňyz, onda noldan başlap, bir-iki aýyň içinde iň bir ýokary derejeli hünärmen bolaryn we millionlap pul gazanaryn diýip pikir etmek derejesinde ýöntem bolmaň. Ýok, munuň üçin 10 müň sagat harçlanmaly bolar. Hut şonuň üçin hem göwün söýen işiň derrew miwe berip başlaýan däldir, ençeme ýyl soň ýetilýändir beýle ýagdaýa.

Bu 10 müň sagadyň içine nämeler girmeýär:

— teoriýa;

— bilim almak;

— kitap okamak;

— dersler we treningler.

Diňe iş ýüzündäki tejribe, tejribe we ýene-de bir gezek tejribe. Eger men elime hiç hili galamdyr çotga almazdan, surat çekmek babatda onlarça ýyl okasam hem öwrensem, hiç haçan hem suratkeş bolmaryn. Emma 10 müň sagatlap erjellik bilen surat çeksem welin, onda men, şek-şübhesiz, suratkeş bolaryn, hut şu ýagdaý beýleki ugurlaryň ählisine hem degişlidir.

Durmuşda öz saýlap alan hünäriňi tapmagyň ýene bir usuly — bu 10 müň sagadyň kömegi bilen barlap görmekdir. Özüňizden sorap görüň — siz muňa 10 müň sagady sarp etmäge taýýarmy? Eger taýýar bolmasaňyz, onda bu siziň diýýän ugruňyz däldir. 10 müň sagat kadasyny çäji harpykdan saýlaýan özboluşly elek diýip hem atlandyryp bolar.

Köp sowallar bada-bat aradan aýrylar. Işlemek bilen islemegiň arasynda tapawut bardyr. Bir ýola ýazyjylardan biri ezber sazandanyň skripkada çalýan sazyny diňläp, onuň ýanyna barypdyr-da: «Saz çalşyňyz maňa ýarady. Men hem şeýle saz çalmak islärdim» diýipdir. Skripkaçy oňa jogap gaýtarypdyr: «Eger siz, hakykatdanam, isleýän bolanlygyňyzda, şeýle saz çalmagy bireýýäm öwrenerdiňiz». Ol bu sözünde mamla. Meşhur geniýleriň, ýazyjylaryň, aktýorlaryň, bagşylaryň şeýle azlygynyň sebäbi hem hut şundadyr. Çünki isleýänler köp, emma olaryň 95%-i ýokary netijelere ýetmän, muny orta ýolda taşlaýarlar.

Meniň hem isleýän zadym köp: tans etmegi, gitara çalmagy, orator bolmagy, iňlis dilini öwrenmegi... emma muňa ömrümiň 10 ýylyny sarp etmäge taýýar däl. Onsoň käte, hepdede, aýda bir gezek, wagtyň bolan çagy, isleg dörände, pul bolan wagty... Ine, ýazyjylyga welin, näçe bolsa-da, pulam, wagtam, yhlasam sarp etmäge taýýar. Eger-de ruçkamy, depderimi, kompýuterimi elimden alsalar, munuň bilen meşgullanmak üçin pul tölemäge-de taýýardygymy arkaýyn hem ynamly aýdyp biljek.

Bir gezek ýol ugrunda Pikassonyň ýanyna bir zenan barypdyr-da, suratyny çekip bermegi haýyş edipdir. Ol bir zatlar çyrşaşdyryp, zenana uzadypdyr-da, şeýle diýipdir: «Bahym munuň bahasy million dollar bolar». Geňirgenen zenan: «Siz muňa bary-ýogy bir-iki minutjygyňyzy sarp etdiňiz ahbetin» diýip dillenipdir. Pikassonyň jogaby şeýle bolupdyr: «Şunuň ýaly surat çekmegi öwrenmek üçin men otuz ýylymy harçladym».

Ýene 10 müň sagatdan näme bolar:

— siz işleýän ugruňyzda ökdelärsiňiz;

— size meşhurlyk hem şöhrat geler;

— baýlyk;

— dünýä derejesindäki ykrar edilme;

— siz taryha girip, öz yzyňyzy goýarsyňyz;

— özüňiziň ajaýyp nusgadaky eseriňizi döredersiňiz.

Işleýän ugruňyzy 10 müň sagat bilen synagdan geçiriň. Şu işe siz munça wagt sarp etmäge taýýarmy? Eger taýýar bolsaňyz, irinmän, bada-bat başlaň. Taýýar bolmasaňyz, öz göwün diýen ugruňyzy tapyň. Men 10 müň, 20 müň, 30 müň sagat hem aňsatlyk bilen ýazaryn. Sebäbi men ýazmagyň hatyrasyna ýazýaryn. Belli filmleriň birinde aýdylyşy ýaly, hereketiň hatyrasyna hereket ediň.

Göwnüňden turmaýan işe 10 müň sagat sarp etmek çetin, mümkin däl diýibem bolar. Emma eger göwün diýeniňiz bolsa welin, bu müddeti müşgilliksiz geçip bilersiňiz, bu hadysadan lezzet alarsyňyz.

Iň bir meşhur şahsyýetleriň terjimehallaryndan çen tutsaň, garyplygyň hem ýaşlygyň muňa päsgelçilik däldigine ynamym bar. Olar işden ýa-da mekdepden gelenlerinden soň, ençeme ýylyň dowamynda her agşam özleriniň halaýan işleri bilen meşgul bolupdyrlar. Bu olara dert-aladalardan we ýakymsyzlyklardan saplanmak üçin, ünsi sowmak üçin baýramçylyk, göwün galkyndyryjy halat ýaly bir ýagdaý bolupdyr. Şundan çen tutsaň, telewizoryňyzy hem internetiňizi öçürmekde many bardyr.

Terjime eden Orazmyrat MYRADOW.

BELLIK: Makala "Nesil" gazetinden alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar