Soňky habarlar

Arhiw

Agyz-burun örtükleri barada maslahatlar

0
4153

Şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, şeýle-de ýurdumyza dürli ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak we raýatlaryň saglygyny berkitmek maksady bilen, lukmanlar aşakdaky şahsy gorag çärelerini berjaý etmegi maslahat berýärler:

— elleriňizi yzygiderli ýagdaýda düzüminde spirt saklaýan serişdeler bilen arassalap, sabyn bilen ýuwmaly;

— jemgyýetçilik ýerlerinde (iki metrden az bolmadyk aralykda durmaly) howpsuz araçägi saklamaly;

— gözüňizi, burnuňyzy we agzyňy ellemezlige çalyşmaly;

— üsgürilende we asgyrylanda, agzyňyzy ýa-da burnuňyzy tirsegiň iç ýüzi bilen ýapmaly;

— agyz-burun örtüklerini dakynmaly;

— örtügi eliňize almazdan öň, eliňizi zyýansyzlandyryjy serişde bilen arassalamaly ýa-da sabyn bilen ýuwmaly;

— ulanylan örtügi gulagyňyzyň arkasynda durýan baglaryndan tutup aýyrmaly. Ony ýüzüňize ýa eşigiňize degirmeli däl. Çünki ulanylan örtük mikrobedenler bilen zeperlenen bolup biler;

— ulanyp bolan badyňyza, örtügi zibil atylýana taşlamaly;

— örtügi aýranyňyzdan soň, elleriňizi zyýansyzlandyryjy serişde bilen arassalamaly ýa-da sabyn bilen ýuwmaly;

— bir gezeklik örtükleri ikinji gezek ulanmaly däl;

— agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalşyp durmaly;

— eger-de siz mata örtüklerini ulanýan bolsaňyz, onda çykaranyňyzdan soň, ony sabyn ýa-da ýuwujy serişde ulanyp suwda ýuwmaly (gyzgynlyk 60 gradusdan pes bolmaly däl) hem-de guradyp ütüklemeli.

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwmaklyk, asgyrmada we üsgürmede agzyňyzy elýaglyk ýa-da tirsegiň iç ýüzi bilen ýapmaklyk, jemgyýetçilik ýerlerinde birek-birekden 2 metrden az bolmadyk aralykda durmaklyk özüňi ýokanç kesellerden goramagyň iň netijeli usulydyr.

Bu düzgünleri berjaý etmek bilen siz diňe bir öz saglygyňyzy däl, eýsem, töweregiňizdäkileriň hem saglygyny goramaga ýardam edýärsiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar