Soňky habarlar

Arhiw

Täze okuw ýyly bilen bagly ýatlatlamalar

0
5733

Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň 2020-nji ýylyň 9-njy awgustynda kabul eden «2020 — 2021-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň we okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň wagtlaýyn Tertibine» laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda öňüni alyş we zyýansyzlandyryş işlerini geçirmegiň we okuw-terbiýeçilik işlerini wagtlaýyn guramagyň kesgitlenen düzgünleri bilen okyjylarymyzy has içgin tanyşdyrmagy makul bildik.

OKUW SAPAKLARYNYŇ WAGTY WE GURALYŞY:

  • Umumybilim edaralarynda okuw sagatlarynyň wagty 1-nji synplarda 25 minut, 2 — 4-nji synplarda 30 minut, 5 — 11-nji synplarda 35 minut bolar.
  • Her sapakdan soňra arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek üçin arakesme 10 minut, uly arakesme bolsa 20 minut möçberde kesgitleniler.
  • Okuw maksatnamalarynyň mazmunyny saklap, sapaklaryň dowamlylygyna wagtlaýyn üýtgetmeler giriziler, mugallymlaryň iş ýükleri saklanyp galar.
  • Bir salkynda okadylýan mekdepler iki salkyna geçiriler, her salkyndan soňra arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek üçin 30 minutdan az bolmadyk arakesme yglan ediler.
  • Okuwçy sany köp bolan synplar ikä bölünip okadylar (her synpdaky okuwçy sany 10 — 15-den geçmeli däl).
  • Okuwçylaryň açyk howada köpräk bolmagyny hem-de okuw maksatnamalaryny doly özleşdirmeklerini gazanmak üçin, mekdeplerde bar bolan şertlere laýyklykda, bedenterbiýe, zähmet, biologiýa (botanika, zoologiýa), tebigaty öwreniş, ekologiýa, taryh, şekillendiriş sungaty — surat ýaly sapaklar amatly howa şertlerine baglylykda, açyk howada, taryhy-medeni ýadygärliklerde, muzeýlerde, botanika bagynda, sport meýdançalarynda we desgalarynda göçme okuw sapaklary görnüşinde guralar.

HOWPSUZ ARALYGY SAKLAMAK WE GALTAŞYKLARY DÖRETMEZLIK MAKSADY BILEN:

  • Bilim edaralarynda birnäçe girelgeler açylar.
  • Mekdep okuwçylarynyň we ähli işgärleriň agyz-burun örtüklerini hereket edýän kadalara laýyklykda dogry ulanmaklary üpjün ediler.
  • Mekdep partalarynda okuwçylar 2 metr howpsuz aralyga laýyklykda, küşt tagtasy tertibinde oturdylar.
  • Arakesmede okuwçylaryň umumybilim edarasynyň çäginden daşary çykmaklary we okuw zerurlygy bilen bagly bolmadyk hereketleri çäklendiriler.
  • Okuwçylaryň ata-eneleriniň we olaryň ornuny tutýan adamlaryň mekdebiň okuw binalaryna girmekleri çäklendiriler.
  • Arakesmelerde okuwçylaryň daşary çykmaklary we nahara guramaçylykly gitmekleri ýola goýlar, naharhanalarda naharlanmagyň kesgitlenen aralygy berjaý ediler.
  • Başlangyç we ýokary synp okuwçylaryň aýratyn ýerleşmekleri üpjün ediler.
  • Mekdep okuwçylarynyň, bilim işgärleriniň we ata-eneleriň arasynda howpsuz aralygy üpjün etmek, keselleriň öňüni almak we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçiriler.

GURAMAÇYLYK IŞLERI:

  • Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleri täze okuw ýyly üçin wagtlaýyn iş meýilnamalaryny, orta mekdepler sapaklaryň wagtlaýyn tertibini taýýarlar.
  • 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni çäklendirilen adamlaryň gatnaşmagynda geçiriler.
  • Täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda we hepdede bir gezek umumybilim edaralarynda düýpli arassaçylyk-gigiýena hem-de zyýansyzlandyryş işleri geçiriler. Bu işleriň guralyşyna we geçirilişine edaranyň içerki buýrugy bilen jogapkär işgär belleniler.
  • Umumybilim edaralaryndaky girelgelerde ýörite berkidilen mugallym tarapyndan mekdep okuwçylarynyň, bilim işgärleriniň burun boşluklaryna oksolin melhemini çalmak, elleri zyýansyzlandyryjy erginler bilen zyýansyzlandyrmak hem-de beden gyzgynyny ölçemek üçin ýörite nokatlar dörediler.
  • Umumybilim edarasynyň binalarynyň girelgelerinde aýakgaplary zyýansyzlandyrmak üçin her gün zyýansyzlandyryş erginli düşekçeler goýlar.
  • Sapaklar başlamazyndan öň we soň, uly arakesmelerde gündelik üzärlik ulanylar.
  • Otaglarda, mejlis we sport zallarynda, dälizlerde, naharhanalarda, hajathanalarda we zir-zibil ýygnalýan ýerlerde, kömekçi binalarda, meýdançalarda we daş-töwerekde düýpli arassaçylyk-gigiýena we zyýansyzlandyryş işleri geçiriler.

TÄZE OKUW ÝYLY: ÝENE-DE KÄBIR TÄZELIKLER...

  • «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, täze okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim edaralarynyň okuw işine köp sanly täzelikler giriziler. Multilingwistik taýýarlyk, sanly ulgamlaryň işjeň ulanylmagy, mekdeplerde tehniki we tehnologik ugurlardan synplaryň açylmagy... bilen baglanyşykly meseleler şolaryň esasylarydyr.
  • Täze, 2020 — 2021-nji okuw ýyly mynasybetli paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy we A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda bina edilen 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylmagyna garaşylýar.
  • Ýaş türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine çekmek boýunça wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerindäki sapaklaryň tertibinde Bedenterbiýe güni peýda bolar. Her şenbede köpçülikleýin irdenki maşklar, sapaklar tamamlanandan soň bolsa, sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler ýa-da ýaryşlar, işjeň oýunlar we beýleki sagaldyş çäreleri guralar.
  • Täze okuw ýylyndan başlap umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-nji synpynda «Proýektirlemegiň esaslary» atly okuw dersi okadylyp başlanar. Bu ders integrirlenen häsiýetde bolup, çyzuw dersiniň mazmunyny öz düzümine alýar. Täze dersi okatmagyň çäklerinde, 9-njy synpda okuwçylar dürli çyzgylaryň aýry-aýry görnüşlerini döwrebap kompýuterlerde ýerine ýetirerler.
  • 2020 — 2021-nji okuw ýylyndan paýtagtymyzyň 85-nji orta mekdebinde okuwçylar 5-nji synpdan başlap italýan dilini öwrenerler. Şoňa görä-de, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 5-nji synp okuwçylary üçin degişli okuw kitaby we oňa goşmaça iş depderi neşir edildi.
  • Paýtagtymyzyň 49-njy orta mekdebinde täze ugurlaryň ikisi — matematika we iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen synplar peýda bolar.

HORMATLY ATA-ENELER!

Täze okuw ýylynda umumybilim edaralarynyň işini netijeli alyp barmagy, okuwçylaryň döwrebap bilim almaklary üçin görülýän wagtlaýyn çärelere doly we dogry düşünip, bu işlere ýakyndan ýardam bermäge gatnaşmak her bir ata-enäniň borjudyr. Ýaşlara berilýän bilim we terbiýeçilik işleriniň maşgala terbiýesi bilen utgaşykly ýola goýlanda garaşylýan netijeleri berjekdigi şübhesiz hakykatdyr. Gadyrly ata-eneler, sizi öz çagalaryňyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna bu işlere el-ele berip, jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrýarys!

Çeşme: «Nesil» gazeti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar