Soňky habarlar

Arhiw

Adalatly oýnuň tarapdarlary

0
4368

Jemgyýetiň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, adalatlylyk—sportuň, şol sanda futbolyň hem bezegi. Adalatlylygyň tarapynda durmak bilen, özüne we toparyna geljek peýdadan ýüz öwürýän futbolçylaradyr tälimçilere bolsa, elbetde, öz-özünden hormatyň artýar. Bu ýazgymyzda futbol meýdançalarynda bolup geçen şeýle wakalardan üçüsini mysal getirmekçi.

Dünýä çempionatlarynda geçiren 16 goly bilen bu ýaryşyň taryhynda iň köp tapawutlanan oýunçy bolup, öz adyny futbolyň taryhyna ýazdyran germaniýaly Miroslaw Kloze hemişe diýen ýaly adalatly oýnuň tarapdary hökmünde tanalypdy. Germaniýanyň çempionatynyň oýunlarynyň birinde ol özüni ýykandyklary sebäpli 11 metrlik jerime urgusy bellenende, baş eminden gelen bu çözgüdini goýbolsun etmekligi haýyş edýär. Ýöne Miroslawyň futbol ýolundaky iň adalatly waka 2012-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçýär. Hüjümçi şonda Italiýanyň «Lasio» toparynyň düzüminde oýnaýardy we «Napoliniň» garşysyna geçirilen duşuşykda meýdançanyň burçundan jerime meýdançasyna geçirilen pökgi garma-gürmelikde onuň eline degip, derwezä girýär. Haçan-da, rimli futbolçylar begençlerine biri-birlerini gutlaşyp ugranlarynda, Kloze baş eminiň ýanyna barýar hem-de ondan goly hasap etmezligi soraýar. Onuň haýyşy kanagatlandyrylýaram.

«Lasio» şol duşuşykda 3:0 hasabynda ýeňilýär, ýöne häzirki wagtda futbolçy hökmündäki çykyşyny bes eden Miroslawyň welin öz adalatly gelen çözgüdi üçin ökünmändigini anyk aýtsa bolar.

Germaniýanyň «Gamburg» toparynda oýnaýan ýarym goragçy Aaron Hant hem özi hakynda öwgüli sözler ýazylmaga mynasyp futbolçy. Ol «Werder» toparynyň hatarynda çykyş edýärkä, «Nýurnberge» garşy geçirilen duşuşykda jerime meýdançasynda garşydaş toparyň goragçysy bilen galtaşanda ýere ýykylýar. Muny gören baş emin ikirjiňlenmezden, 11 metrlik jerime urgusyny belleýär. Emma bada-bat ýerinden galan Aaron baş emine tarap ylgaýar we oňa gelen netijesiniň nädogrudygyny ynandyrmagy başarýar.

Dykgatyňyza ýetirmek islän ýene bir wakamyz Azerbaýjanyň çempionatynda «Garabag» hem-de «Inter» toparlarynyň arasyndaky oýunda bolup geçdi.

Duşuşygyň tamamlanmagynyň öň ýanynda «Garabagyň» hüjümçisi jerime meýdançasynda «Interiň» derwezeçisi bilen pökgi ugrundaky göreşde ýykylýar. Baş emin diňe bir 11 metrlik jerime urgusyny bellemek bilen çäklenmän, derwezeçini gyzyl petek görkezip, oýundanam çykarýar (duşuşykdan soňra wideogörnüşiň üsti bilen derwezeçiniň oýnuň düzgünini bozmandygyna göz ýetirilýär). Pökgi ugrundaky göreş pursadynda düzgüniň bozulmandygyny anyk gören «Garabagyň» baş tälimçisi Gurban Gurbanow 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirmegi öz üstüne alan şägirdi Elwin Mämmedowa pökgini nädürs depmekligi tabşyrýar. Halypasynyň sargydyny kanagatlandyrmak bilen, Elwin pökgini derwezäniň gyrasyndan geçirip goýberýär.

Elbetde, garşydaş toparyň şeýle adalatly ädimem «Interi» ýeňlişden halas etmeýär. Nädürs ýerine ýetirilen 11 metrlik jerime urgusynyň yzysüre «Garabag» ikinji goly derwezä girizýär we 2:0 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Aşyrberdi Gurbanow. "Balkan" gazeti

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar