Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 3-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
3644

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

Azyndan 1 utuk: «Altyn asyryň» hem çempionata dolanyp gelmegi bilen, möwsümde utuk gazanmadyk ýekeje topar hem galmady.

Üç toparda ýeňiş ýok: Möwsümde üç topar heniz ýeňiş gazanyp görenok. Şolaryň ikisi üç tapgyrda hem oýnady.

Häzirlikçe, iň gollusy: Tapgyrda derwezelere jemi 7 pökgi geçirildi.

10 golçy: «Köpetdagyň» goragçysy Ýazgylyç Gurbanow şu möwsümde tapawutlanan 10-njy futbolçy boldy.

12 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 12-ä çykdy. Şolaryň diňe ýekejesi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirilen goldur. Heniz öz derwezesine pökgi geçiren futbolçy ýok.

 

«Ahal» ― «Merw» ― 3:0

Gollar: Yhlas Saparmämmedow, 23, Elman Tagaýew, 44, 51.

Häzirlikçe, doly ýeňiş: «Ahal», häzirlikçe, möwsümde geçiren duşuşyklarynyň birinde-de utuk ýitirmedik ýeke-täk topardyr.

Bir özi bäşe deň: Möwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny (iki duşuşykda) 5-e çykaran «Ahalyň» gollary her haýsy üç duşuşyk geçiren «Köpetdagyň», «Aşgabadyň», «Nebitçiniň», «Şagadamyň» we «Energetigiň» bilelikde geçiren gollarynyň sanyna deňdir.

Tagaýew ― ilkinji: Elman Tagaýew şu möwsümde bir duşuşykda birden artyk tapawutlanan ilkinji futbolçydyr.

 

«Şagadam» ― «Altyn asyr» ― 1:1

Gollar: Hemra Amanmämmedow, 59 ― Altymyrat Annadurdyýew, 27.

Bu ýyl aşakdan üçünji orun: Geçen möwsümiň bürünç medalçysy «Şagadam» bu möwsümde heniz utup bilenok.

 

«Energetik» – «Aşgabat» – 0:1

Gol: Sahupnazar Durdyýew, 78.

Heniz perde açylanok: «Energetik» yzda galan üç tapgyrda-da garşydaş derwezelere pökgi girizip bilmedik ýeke-täk topardyr.

Durdyýew ― ilkinji: Sahupnazar Durdyýew «Aşgabadyň» düzüminde şu möwsümde tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy.

70-nji şowsuzlyk: «Energetik» Ýokary ligada 70-nji gezek ýeňildi.

 

«Köpetdag» ― «Nebitçi» ― 1:0.

Gol: Ýazgylyç Gurbanow, 30.

Iň gowy gorag: Möwsümiň ilkinji üç tapgyrynda-da duşuşyk geçiren toparlardan diňe «Köpetdag» heniz derwezesine pökgi geçirtmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar