Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 2-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
3254

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

Derbileriň tapgyry: Üns berseňiz, duşuşyklaryň ählisi hem şol bir şähere ýa-da welaýata wekilçilik edýän toparlaryň arasynda geçirildi.

1:0 ýeňiş üçin ýeterlik: Duşuşyklaryň üçüsi hem 1:0 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamlandy.

5 golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 5-e ýetdi.

5 gol: Iki tapgyrda derwezelere 5 pökgi geçirildi. Her tapgyrda, ortaça, 2,5 gol.

 

«Merw» ― «Energetik» ― 1:0.

Gol: Döwlet Baýramow, 32.

Utulmakda «ösüş» gazanýar: Ýokary ligada 69-njy gezek utulan «Energetik» çempionatyň taryhynda iň köp utulan toparlaryň arasynda 12-nji basgançaga çykdy. Ýöne ol häzir bu orny «Nisa» bilen paýlaşýar. Topar ýene ýekeje gezek utulsa, 12-njiligiň ýeke-täk eýesi bolar.

 

«Nebitçi» ― «Şagadam» ― 1:0.

Gol: Mämmedaly Karadanow, 76.

Karadanowyň 80-nji goly: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Mämmedaly Karadanow 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 80-nji goluny geçirdi. Ol şol möwsümden bäri tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda altynjy orny eýeleýär.

Karadanowdan 50-nji gol: Mämmedaly Karadanow «Nebitçidäki» 50-nji goluny geçirdi.

 

 

«Aşgabat» ― «Köpetdag» ― 0:1.

Gol: Şiri Annaýew, 67.

«Köpetdag» ― lider: Bu ýeňiş «Köpetdagy» ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykardy.

Annaýewiň 10-njy goly: Şiri Annaýew Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi.

 

«Altyn asyr» ― «Ahal» (Duşuşyk 24-nji aprele geçirildi)

Oýnamady, ýöne öňdeligi saklady: Diňe 1-nji tapgyrda duşuşyk geçiren «Ahal» heniz hem möwsümde iň köp gol geçiren topar. Başga hiç bir topara-da, 2 pökgi geçirmek heniz başardanok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar