Soňky habarlar

Arhiw

Ýöremek – juwanlygyň syry

0
2957

Kadaly iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, maşk etmek,  ýeterlik uklamak, arassa howadan dem almak... – bularyň ählisi biziň berk bedenli we sagdyn bolmagymyza oňaýly täsir edýän şertlerdir. Her gün yzygiderli ýöreýişe çykmaklyk bolsa, diňe bir saglygymyzy berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, özümizi juwan duýmaga hem ýardam edýär. Mähriban Prezidentimiziň “Adamyň ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär” diýen sözlerinden ugur alyp, bu günki gün ýurdumyzda saglyk ýoluna yzygiderli ýöreýişe çykylýar. Säher bilen dag howasyndan dem alyp, uzak aralyga ýöremek adaty ýöremekden has köp tapawutlanýar. Sebäbi bu ýerde ýöremek sportuň bir ugry hökmünde ýüze çykýar.

ABŞ-da geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde, uzak aralyklarda yzygiderli ýöremek myşsalaryň güýçlenmekligine, pikirlenmek ukybynyň artmaklygyna, garramaklygyň we aşa semizligiň öňüni almaklyga ýardam edýändigi tassyklanylýar. “Maýo Klinik” ylmy merkeziniň alyp barýan bu ylmy-barlaglaryna görä, indi ýüzlerçe ýyl bäri lukmanlar ençeme keselleriň iň gowy bejergisi hökmünde yzygiderli we belli bir esasda amala aşyrylýan ýöreýişi maslahat berýärler. “Eger-de maksat horlanmak bolsa, onda bedenimiz sintetik material bilen örtülmelidir. Uzak aralyga ýöreýiş nahardan iň az iki sagat soň amala aşyrylmalydyr. Ýöreýişden öň we soň ýeterlik suw içilmelidir. Ýörite sport aýakgaby geýilmelidir. Howanyň yssy bolýan sagatlarynda, aýratyn hem günortanyna ýöreýişe çykylmaly däldir” diýip, bu ylmy merkeziň hünärmenleri nygtaýar. Eýsem, ýöremek biziň beden saglymyza nähili täsir edýär? Geliň, oňa gysgaça ser salalyň. Ýöremek:

  • gan aýlanyşyň tizligini artdyrmaga, ýürek, damar we beýni keselleriniň, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, aşa semizligiň öňüni almaga;
  • bedenimiziň ähli myşsalaryny, şol sanda ýürek myşsalaryny hem güýçlendirmäge;
  • beýnä barýan kislorodyň mukdaryny köpeltmek bilen pikirleniş ukybyny, zehin potensialyny, şeýle hem öýkeniň howa göwrümini artdyrmaga;
  • limfalaryň aýlanyşygyny, metabolizmi kadalaşdyrmaga;
  • bedenimizde zeper ýeten öýjükleriň tiz dikelmegine;
  • gandaky ýagyň mukdaryny azaltmaga;
  • holesterol deň agramlylygyny üpjün etmäge;
  • beden agzalarynyň arasynda özara sazlaşygy emele getirmage;
  • bogunlaryň ýumşamagyna, bil we boýun agrylarynyň kemelmegine;
  • süňkleriň berkemegine;
  • bedeniň dürli kesellere garşy immunitetiniň artmagyna;
  • ýadawlygyň azalmagyna;
  • bedeniň rahat dynç almagyna;
  • bedende keýpiköklügi üpjün edýän endorfin gormonynyň öndürilmegine;
  • owadan we juwan görünmäge ýardam edýär.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar