Bagtly bolmagyň 5 esasy şerti

0
10612

Dünýä döräli bäri ynsanoglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy “Bagtly bol! Alnyň bagtyň açyk bolsun!” diýlen sözler bilen jemlenýär. Eýsem, bagtly bolmagyň syrlary nämede?!

Bu barada tanymal pedagog-psiholog, ýazyjy Jon Izzo dürli kärdäki adamlar başlap,  ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen söz ussatlarynyň, akyldarlaryň aýdyp geçen dana pähimlerine, beren öwüt-ündewlerine, pikirlerine, şeýle hem nazary garaýyşlaryna salgylanmak arkaly özüniň “Durmuşda bagtly bolmagyň 5 şerti” atly kitabyny ýazýar. Bu kitap bagtyýar durmuşyň iň ýönekeý, şol bir wagtyň özünde hem iň möhüm esaslaryny beýan edýär. Jon Izzo 18000 ýylyň durmuş tejribesini arka atan danalaryň pähim-paýhasyna giň orun bermek bilen her bir adamyň şu aşakdaky bäş ýörelgäni berjaý eden halatynda özüne ebedi bagtly durmuşy gazanyp biljekdigine ynanýar we bu hakykat ençeme kişi tarapyndan kabul edilýär. Ine, täze ýylyň öň ýanynda geljek ýyly bagtyň syrlaryny çözüp garşylamak isleýänlere 5 gymmatly maslahat:

1. Öz-özüňiz babatynda dogruçyl boluň!

Öz-özüňe ýalan sözlemek  ýaly gysga wagtlyk nepi degýän ýagdaýlar köplenç halatda durmuşda entäk ýeterlik tejribämiziň bolmadyk döwründe ýüze çykýar. Şol döwürde näme etmelidigini, nähili ýoly saýlamalydygyny ýüregimize geňeşmegiň ýerine, özümizi beýleki kişiler, aýratyn hem deň-duşlarymyz bilen deňeşdirmek arkaly anyk karara gelýäris. Bu bolsa soňy bilen ýüze çykjak ençeme şowsuzlyklaryň başyny başladýar. J.Izzo görä, bagt munuň özi hemmeler üçin gymmatly bolan zat däl-de, diňe seniň üçin gymmatly bolan zatdyr. Şu kada eýerip ýaşap bilýän adam bagtly bolmagyň ilkinji syryny özleşdirdi diýmekdir. Eger-de,  käwagt kalbyňa gulak goýup,  öz-özüňe “Meniň barýan ýolum meni bagta eltýärmi?” diýen sowaly sorasak we ýürekdeşlik bilen jogap bersek, soňy bilen ençeme gezek puşman etmeklikden saklanyp bileris.

2. Puşman etmäň!

“Ýalňyşmakdan gorkmaň. Çünki hiç haçan ýalňyşmadyk adam – bu hiç bir iş etmedik adamdyr” diýilýär. Aslynda, soňy gowy netijeler bilen tamamlanýan işlere batyrgaý çemeleşilmelidir. Çemeleşmekden gorkulmaly däldir. Aslyýetinde puşman etmek haýsydyr bir zadyň anyk dogry ýa-da ýalňyşdygyny bilip şol işi etmeklik ýa-da etmezlikdir. Dostuň kömege mätäç halatynda oňa ýardam bermezlik, ata-enäniň diýeninden çykyp, olaryň gyňryşyna gitmeklik soňundan puşman etmekligi mejbur edýän ýagdaýlardyr. Puşman etmezlik üçin durmuşyň biziň öňümize dikýän päsgelçiliklerinden baş alyp çykmaklygy başarmalydyrys. Puşman etmek ejizligiň miwesidir. Haçan-da bir işi amal etmäge ejizlesek, onda ertir şol işi etmedigimiz üçin puşman etjekdigimizi hakdyr. Wyždanyňa geňeş, durmuşa batyrgaý çemeleş!

3. Söýmegi başaryň!

Beýik italýan-amerikan ýazyjysy Leo Buskaglia şeýle diýýär: “Durmuş söýgüden ybaratdyr we söýgüni ýitirseň, durmuşy-da ýitirdigiňdir”. Söýmek hem-de söýülmek bagtly we manyly ömri ýaşamagyň esasy şertleriniň biridir. Bagtyýar we manyly ömrüň baş şertiniň söýgüdigine doly gözýetirip, ýene-de söýmezlik, betbagtlygy özümize kabul etmeklikdir. Nädip söýýän we söýülýän ynsan bolmaly?! Bu soragyň jogaby söýgüni duýmagy we beýleki biriniň kalbyna ornaşdyrmagy başarmakdan gelip çykýar. Ilki bilen özümize hormat goýşumyz ýaly, özümizi hem söýmelidiris. Ikinjiden, bize ýakyn bolan ynsanlary söýmegi, üçünjiden bolsa olara söýgümizi ýetirmegi başarmalydyrys.

4. Bagtly pursatlary duýmagy başaryň!

J.Izzo “Bagta barýan ýol, bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar” diýýär. Eger islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerinden birine öwürmek biziň özümize baglydyr. Säher bilen sag-aman örmek, maşgala bolup, başy jem ertirlik edinmek, ruhubelentlik bilen işli işine, okuwly okuwyna gitmek, öňüňden çykan tanyşlaryňa mähirli salam berip, olaryň hal-ýagdaýyny soramak, işiňde, okuwyňda öz paýyňa düşýän borçlary doly amala aşyryp, netijeli we halal zähmet çekmekligiň lezzeti bilen öýüňe dolanmak, ýolda guşlaryň jürküldisine, baglarda açylan güllere, adamlaryň ýüzündäki şatlyga guwanmak, öýüňe gelip, bir iş gününiň ýa-da okuw gününiň netijesinde Watanyň ösüşine zerre goşant goşmagyň buýsanjy bilen gök çaýyň başynda dem-dynç almak munuň özi ähli ajaýyplyklaryň özeni bolan bagtdyr.

5. Netijeli ýaşamaklyga çalyşyň!

J.Izzonyň gürrüňdeş bolan ähli pähimdarlary, dana adamlary üçin iň möhüm wezipe özüňden soňkulara haýyrly bir zady goýup gitmeklikir. Aslynda, bu pikir akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Magtymguly sözle herne bileniň,

Özüňe kemlik bil, aýtman öleniň,

Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,

Senden soňkulara ýadygär bolsun – diýen setirleri bilen has hem berk baglanyşýar.

Durmuşyň baş maksady hem şundan ybaratdyr. Durmuşda bagtly bolmaklyk ondan çuwal dolusy zat almak däl-de, yzyňda giden bir harman galdyryp bilmeklikdir. Bagtly bolmak üçin durmuşyň saňa beren nygmatyndan has känrägini sen oňa bermelisiň.

Makala Şageldi ÝABANOW tarapyndan taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar