Soňky habarlar

Arhiw

Sagdynlyga ynamly ädim (Makala)

0
3619

Tehnologiýa şeýle bir ösdi welin, dünýäniň o çetine hat ýa surat ugratmak üçin birnäçe sekunt ýeterlik. Ýekeje telefon ýa kompýuter bilen iş baryny bitirip oturmaly, ýekeje tehnologiýa uly-uly kärhanalarda ençeme adamyň ornuny tutýar. Esasy zat ony peýdalanyşyňa bagly. Kompýuteriň ýa-da telefonyň başynda oýun oýnamak üçin geçirilen bir sagady (käte ýarym güni), aslynda, elektron kitap okamaga, haýsydyr bir peýdaly programmanyň üstünde işlemäge, kämilleşmäge sarp edip bolar, ählisi özüňe bagly.

«Çagalara görüm-görelde bilen terbiýe bermeli» diýýäris. Diýmek, olaryň terbiýesi özümize bagly. Käte çagalara bolan söýgimiz olary saklamaly zatlardan saklamaga päsgel berýär. «Tehnologiýadan habarly bolsun! Häzir ähli işde tehnologiýa gerek» diýen pikire-de gol ýapýarys. Dogry, çagalaryň tehnologiýadan habarly bolmagy gerek, emma çagaňyz dümtünip otyrka, gizlin-u-aç-açan baryp, telefonyň ekranyna seredip gördüňizmi? Ol tehnologiýadan habarly bolmak üçin bir zatlar öwrenip otyrmy ýa-da oýun oýnaýarmy? Esasy mesele şonda.

Oýundyr, ol oýnalmak üçin döredilýär. Aslynda, elektron güýmenjeleri döredýänleriň yhlasyna berekella diýäýmeli. Käbir oýunlar bar, ol-a çagamyş, uly adam halyňa başyndan galyp bolanok. Şonuň üçin terbiýe meselesindäki ilkinji ädimimiz çagalarymyzyň nähili oýun oýnaýandygyna gözegçilik etmekden ybarat. Käbir öwrediji oýunlar bolýar, olar çaganyň ünsüni, üşügini kämilleşdirýär. Hatda psihologlaryň hem maslahat berýän oýunlary bar, emma şeýle oýunlarda-da wagt babatynda çäklendirme, esasy zerurlykdyr. Oýun, belki, çaganyň pikirlenişini ösdürýändir, ýöne gözi üçin peýdaly däl ahyry!

Çagalary kompýuterdir telefon oýunlaryna uzak dümtünip oturmakdan näme halas edip biler? Ine, geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz bu sowala çürt-kesik jogap berdi. Elbetde, sport. Munuň üçin milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersini hepdede üç sagada çenli artdyrmagy, her hepdäniň şenbe gününi sport güni diýip yglan etmegi teklip etdi.

«Mawy ekranda» milli Liderimiziň aýdanlaryny diňläp, «Şü-ýä bolaýdy!» diýenlerimiz az däldir. Adam haçan wagtyny bisarpa harçlaýar? Elbetde, eli boş bolanda. Haçan eli boş bolýar? Dynç alyş günlerinde. Hormatly Prezidentimiz bolsa dynç alyş günlerini hem netijeli geçirmegiň ýoluny salgy berdi.

Islesek-islemesek, mundan 10 — 15 ýyl ozalky çagalygyň häzirki çagalyk bilen deň däldigini boýun almaly. Çagalar fiziki oýunlary häzir hem oýnaýarlar welin, ýöne sähel mümkinçilik bolsa, telefona ýa planşete ýapyşjak bolup durandyrlar. Olar üçin elektron oýunlar «Bukuldymdan», «Aýterek-Günterekden» has gyzykly bolarly. Onsoň hem çagalaryň pikirine görä, telefondaky oýunlary oýnamak asla ýadadanok, üst-başyňy hapalap, ejeňden käýinç eşideňok, hiç kim bilen göwne degşeňok, dawalaşaňok, ýeke özüň. Garaz, hezilligiňem hezilligi!

Ine, ulularyň gerek ýeri. Biz olara, aslynda, fiziki oýunlaryň peýdalydygyny düşündirmeli. Telefonlardaky oýunlaryň hem gözbaşyny şol oýunlardan alandygyny aýtmaly, telefona ýa kompýutere köp seredip oturmagyň göz üçin, hatda oňurgaüçinem zyýanlydygyny düşündirmeli. Elbetde, tehnologiýadan bütinleý daşlaşdyrmaly däl, ýöne oňa halys baglanmagyna-da ýol bermeli däl. «Altyn aralyk» nirede bolsa, tapjak bolmaly.

Bu meselede ata-enelere hormatly Prezidentimiz kömege gelýär. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden bilim ojaklarynda bedenterbiýe dersini dikelden milli Liderimiz bu gün bu dersiň hepdede üç sagada çenli artdyrylmagynyň, her şenbäniň sport gününe öwrülmeginiň tarapdary. Diýmek, ýene-de çagalarymyzyň fiziki işjeňligi artar. Diýmek, biz röwşen geljegimiz üçin, sözüň doly manysynda, sagdyn nesli terbiýeläris. Ýurdumyzda alnyp barylýan sport özgertmeleri şu ädim bilen has-da rowaçlanar.

Soňky dört-bäş ýyllykda ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlardan soňra, Gülbadam Babamuradowa, Seýdi Batyrow, Rejepbaý Rejebow, Arslanmyrat Amanow, Ýulduz Jumabaýewa... bolmak isläp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp başlan çagalaryň sany görnetin artdy. Çagalykdan Kriştianu Ronaldu ýaly futbol ýyldyzy bolmak isleýän çagalar kän. «Günlerde bir gün türkmen taekwondoçylary barada gürrüň berýän «Kämillige ýol» atly çeper filme tomaşa eden oglumyň indi hyýaly dünýädäki baş gahrymanlary — filmiň gahrymanlary Atajan (Türkmenistanyň Taekwondo (ITF) federasiýasynyň ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýew) bilen Wepa (dünýäniň çempiony Orazmyrat Çaryýew). Ol indi şolara meňzemegiň arzuwynda, edil filmde bolşy ýaly, her gün daň bilen oýanyp, öýümize goňşulykdaky sport mekdebinde türgenleşýär» diýip, goňşularymyzyň biri gürrüň berdi. Ýakynda oba baranymda, çagalyk dostlarymyň biri bolsa, oglunyň grek-rim göreşi boýunça etrap ýaryşynda üstünlik gazanandygyny aýdyp, begenjine guş bolup uçaýjak bolýar. Şeýle çagalar bu gün her öýde diýen ýaly bar.

Diýmek, hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi babatyndaky başlangyçlary barha rowaçlanýar. Şenbe gününi sport gününe öwürmegi teklip eden milli Liderimiz geçen şenbede Olimpiýa şäherçesinde maşklary ýerine ýetirip, hemişe bolşy ýaly, ilkinji göreldäni-de özi görkezdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar