Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: belläýmeli aýratynlyklar

0
404
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: belläýmeli aýratynlyklar

14-nji dekabrda geçirilen «Altyn asyr» ― «Ahal» (3:0) finaly bilen Türkmenistanyň futbol kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. Eýsem, ýaryşyň 2019-njy ýyldaky geçirilişi nähili aýratynlyklary bilen ýatda galdyka? Şol aýratynlyklar bilen gyzyklanýan okyjylarymyz üçin şu makalany taýýarladyk.

25 golçy. Türkmenstanyň kubogy ― 2019-da jemi 25 futbolçy tapawutlandy.

Iň gowusy iki pökgi. Möwsümde iki gezekden artyk tapawutlanyp bilen futbolçy bolmady. 25 futbolçydan diňe bäşisi ― «Altyn asyrdan» Selim Nurmyradow bilen Serdar Geldiýew, «Ahaldan» Pirmyrat Sultanow, «Aşgabatdan» Gahrymanberdi Çoňkaýew we «Merwden» Begenç Guldurdyýew Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde iki gezek tapawutlananlardyr.

2005-nji ýyldan bäri. Kubok ýaryşynda 2005-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynyň başyny bu ýaryşa «Nebitçi» bilen «Altyn asyryň» düzüminde gatnaşan Myrat Ýagşyýew çekýär. Ol ýaryşyň soňky bäş möwsüminde jemi 9 pökgi geçirdi. Sanawyň ilkinji bäşliginden orun alan Süleýman Muhadow («Altyn asyr») 8, Kerim Hojaberdiýew («Energetik», «Köpetdag») 7, Wahyt Orazsähedow («Ahal», «Altyn asyr»), Altymyrat Annadurdyýew («Ahal», «Altyn asyr») we Didar Durdyýew («Hazyna», «Ahal») 6 gezek tapawutlandy.

Bäş möwsümde 93. Kubok ýaryşynyň soňky bäş möwsüminde jemi 93 futbolçy derwezelere pökgi geçirdi.

Taryhy netijeler. Türkmenistanyň kubogy ― 2019-a gatnaşan toparlaryň bu ýaryşyň tutuş taryhyndaky netijeleri:

"Altyn Asyr": duşuşuklar: 43; ýeňişler: 22; deňlikler: 12; utulyşlar: 9; pökgüler: 86-35.

«Ahal»: duşuşuklar: 55; ýeňişler: 20; deňlikler: 11; utulyşlar: 24; pökgüler: 71-82.

"Aşgabat": duşuşuklar: 34; ýeňişler: 12; deňlikler: 6; utulyşlar: 16; pökgüler: 37-43.

Täzeden dikeldilen "Köpetdag": duşuşuklar: 20; ýeňişler: 10; deňlikler: 5; utulyşlar: 5; pökgüler: 23-18.

"Şagadam": duşuşuklar: 85; ýeňişler: 35; deňlikler: 17; utulyşlar: 33; pökgüler: 115-107.

"Nebitçi": duşuşuklar: 115; ýeňişler: 61; deňlikler: 14; utulyşlar: 40; pökgüler: 220-146.

"Energetik": duşuşuklar: 20; ýeňişler: 7; deňlikler: 8; utulyşlar: 5; pökgüler: 25-23.

"Merw": duşuşuklar: 105; ýeňişler: 48; deňlikler: 22; utulyşlar: 35; pökgüler: 152-124.

«Türkmennebit»: duşuşuklar: 2; ýeňişler: 0; deňlikler: 0; utulyşlar: 2; pökgüler: 0-6.

30 pökgi: Türkmenistanyň kubogy ― 2019-da derwezelere jemi 30 pökgi geçirildi.

10-sy «Altyn asyrdan»: Möwsümde geçirilen 30 pökginiň üçden biri ― 10-sy «Altyn asyryň» futbolçylaryna degişli. Şeýle hem «Merw» we «Aşgabat» toparlarynyň her haýsy 6, «Ahal» 5, «Eneregtik», «Köpetdag» we «Nebitçi» 1 pökgi geçirdi. «Şagadam» futbol topary Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde bir pökgi hem geçirip bilmän, çärýek finalda ýaryşdan çykdy.

Finallarda 69 gol. 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň kubogynyň final duşuşyklarynda geçirilen pökgüleriň (ýeňijini kesgitleýän 11 metrlik urgularyndan başga) sany 69-a çykdy.

10 ýyldan soň şol bir hasap. Şu final 3:0 hasabynda tamamlanan ikinji finaldyr. Mundan 10 ýyl ozal «Altyn asyr» bilen «Merwiň» arasyndaky final duşuşygy hem «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna edil şu hasap bilen tamamlanypdy.

6-njy final, 4-nji kubok. Ýaryşda altynjy gezek finala çykan «Altyn asyr» dördünji kubogyna mynasyp boldy. «Aragatnaşykçylar» mundan ozal 2009, 2015 we 2016-njy ýyllaryň finalynda Kuboga mynasyp bolup, 2010 we 2013-nji ýyllarda utulypdylar.

Ikinji «Altyn asyr» ― «Ahal» finaly: Olaryň birinjisi 2013-nji ýylda geçirilip, «Ahal» ýeňiş gazanypdy.

Dördünji finalda ilkinji utulyş: Ozalky üç finalynda hem ýeňiş gazanan «Ahal» bu gezek bu üstünligi gaýtalap bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar