Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2019: bir möwsüme nazar aýlap

0
3001

10-njy dekabrda geçirilen 28-nji tapgyryň duşuşyklary bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2019-njy ýyldaky möwsümi tamamlandy. Eýsem, geçen möwsüm nähili aýratynlyklary bilen ýatda galdy? Şu makalamyzda Türkmenistanyň Ýokary ligasy ― 2019-yň ünsi çekäýjek aýratynlyklary barada gürrüň etmegi müwessa bildik. Has düşnükli bolar ýaly, şol aýratynlyklara aýry-aýry salgylanýarys.

 

«Altyn asyr» 6-njy gezek çempion. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatyndaky «altyn eýýamy» dowam edýär. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bassyr 6-njy gezek çempion bolup, geçen ýyl özleriniň goýan rekordyny täzelediler.

Hojageldiýewiň 9-njy çempionlygy: Bölüme aýratyn düşündirişiň geregi hem ýok. Ýazguly Hojageldiýew tälimçilik edýän ýyllarynda ýolbaşçylygyndaky toparlar bilen dokuzynjy gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.

«Ahal» ýene-de kümüş medalyň eýesi: Käbir tapgyrlardaky şowsuz oýny bilen çempionlyk göreşinden daşlaşan «Ahal» ýaryşyň üçünji ornuna çenli geldi. Hatda belli bir döwürde dördünji orundaky «Köpetdag» hem «Ahala» ýakynlaşdy. Ýöne möwsümi üç sany baş tälimçi bilen geçiren topar ahyrky tapgyrlarda özüni dürsäp, çempionaty kümüş medal bilen tamamlamagyň ýoluny tapdy.

Kim kän utdy? Möwsümde iň kän ýeňiş gazanan topar çempion «Altyn asyrdyr». «Aragatnaşykçylar» 28 duşuşygyň 19-syny (geçen ýyl 21) ýeňiş bilen tamamladylar. Ikinji orundaky «Ahal» bilen bürünç medalyň eýesi «Şagadamda» 15 ýeňiş bar.

Deňlikleriň topary: Ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» şu möwsümde iň kän duşuşygy deňlik bilen tamamlanan topar boldy. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky topar 28 duşuşygyň 9-synda garşydaşlary bilen utuk paýlaşdy. Deňme-deň tamamlanan duşuşyklaryň sany boýunça ikinji orny «Energetik» (8 duşuşyk), üçünji orny «Şagadam» bilen «Aşgabat» (7 duşuşyk) eýeleýär. Geçen ýyl iň kän deňlik 11 duşuşyk bilen «Merwde» bardy.

21 şowsuzlyk: Möwsümdäki duşuşyklaryň 21-sinden garşydaşlaryndan asgyn gelen «Merw» iň kän utulan topar boldy. Muny onuň ýaryş tertibindäki orny hem tassyklaýar. Şeýle hem «Nebitçide» 15, «Aşgabatda» 13 utulyş bar. Geçen ýylyň iň gowşak netije görkezen topary «Nebitçi» 20 duşuşykda utulypdy.

Ýedi derwezä 67 pökgi: Möwsümde iň kän pökgi geçiren topar «Altyn asyr» boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 28 duşuşykda 67 gezek tapawutlandylar. Geçirilen pökgüleriň sany hem ýaryş tertibine çalymdaş. Ikinji orundaky «Ahalda» 44, üçünji orundaky «Şagadamda» 41 pökgi bar. «Altyn asyr» 2018-nji ýylda hem iň kän pökgi geçiren topar bolupdy. Bu ýyl netijesini gowulandyran «aragatnaşykçylar» geçen ýyl 65 pökgi geçiripdiler.

Bir derwezä 52 pökgi: Ýaryşyň jemleýji basgançagyndaky «Merwiň» derwezeçileri bu ýyl derwezäni 52 pökgüden halas edip bilmediler. Çempionaty bäşinji basgançakda tamamlan hem bolsa, «Energetik» «Merwden» bary-ýogy 4 pökgini az geçirdip, juda bir şowly bolmadyk möwsümleriň birini tamamlady. «Aşgabat» bilen «Nebitçi» bolsa möwsümde derwezesinde 44 pökgi gördi. «Nebitçi» 64 pökgi bilen geçen ýylyň iň şowsuz topary bolupdy.

Tapawutly utuklar: Möwsümi diňe bir topar ― «Altyn asyr» 60 utuklyk sepgitden ýokarda (63 utuk) tamamlap bildi. 50 utuga bolsa «Altyn asyrdan» başga-da, «Ahal» (54) bilen «Şagadam» (52) ýetip bildi. Galan toparlar çempionaty 40 utukdan aşakda tamamladylar.

Didar Durdyýew ― iň netijeli futbolçy: Möwsümde «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew iň netijeli futbolçy boldy. Bu dereje üçin, esasan, «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew (2018-nji ýylyň iň netijeli futbolçysy) bilen göreşen hüjümçi jemleýji tapgyrdaky goşa pökgüsi bilen möwsümde 14-nji gezek tapawutlandy. A.Annadurdyýew bolsa möwsümi 12 pökgi bilen tamamlady.

«Ahalyň» taryhynda ilkinji gezek: Ýokary liganyň 27 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek «Ahalyň» futbolçysy bir möwsümiň iň köp tapawutlanan oýunçysy bolmagy başardy. Mundan öňki netijeli futbolçylaryň hiçi biri hem şol möwsümde «Ahalda» çykyş etmändi.

Ilkinji bäşlikde: Möwsümi Didar Durdyýewiň 14, Altymyrat Annadurdyýewiň 12 pökgi bilen tamamlandygynya aýdypdyk. Şeýle hem netijeli futbolçylaryň ilkinji bäşligine «Altyn asyrdan» Myrat Annaýew (10), «Energetikden» Pirmyrat Gazakow (9) hem-de «Altyn asyrdan» Mihail Titow bilen «Ahaldan» Pirmyrat Sultanow (8) girýär.

93 golçy: Möwsümde jemi 93 futbolçy tapawutlandy. Toparlar boýunça Altymyrat Annadurdyýew (12 pökgi) «Altyn asyryň», Didar Durdyýew (14 pökgi) «Ahalyň», Kerim Hojaberdiýew (7 pökgi) «Şagadamyň», Baýramgeldi Gulmaýew (6 pökgi) «Köpetdagyň», Pirmyrat Gazakow (9 pökgi) «Energetigiň», Şatlyk Gurbanow (4 pökgi) «Aşgabadyň», Akmämmet Metdäýew (7 pökgi) «Nebitçiniň», Döwlet Baýramow (3 pökgi) «Merwiň» iň netijeli futbolçysy boldy.

11 ýalňyşlyk: Möwsümde 11 futbolçy öz derwezesine pökgi geçirdi. Olaryň içinde bu ýalňyşlygy iki gezek gaýtalany ýok. Sanawda «Şagadamdan», «Nebitçiden», «Merwden» we «Energetikden» iki futbolçy bar. 7-nji, 9-njy we 25-nji tapgyrlarda iki sany awtogol hasaba alnypdyr.

8 möwsümde: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Ýokary liganyň soňky 8 möwsüminde (2012-nji ýyldan bäri) iň kän pökgi geçiren futbolçy heniz hem Süleýman Muhadowlygyna galýar. Futbolçynyň bu ýyl hiç bir toparda çykyş etmändigine garamazdan, onuň 142 pökgülik sepgidine hiç bir futbolçy ýetip bilmedi. Ilkinji bäşlikde Myrat Ýagşyýew (118), Didar Durdyýew (109), Hemra Amanmämmedow (88) we Altymyrat Annadurdyýew (81) bar. Agzalan möwsümden bäri Ýokary ligada tapawutlanan futbolçylaryň sany bolsa 283-e çykdy.

Bir tapgyrda 15 pökgi: Tamamlanan möwsümde iň kän pökgi geçirilen tapgyr 21-nji tapgyrdyr. Ýatlasak, şol tapgyrda «Şagadam» «Nebitçini» 2:1, «Energetik» «Merwi» 3:2, «Altyn asyr» «Aşgabady» 3:1, «Köpetdag» «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňipdi.

Sanawda ikinji orny 14 pökgüli 20-nji, üçünji orny bolsa 13 pökgüli 1-nji, 3-nji we 28-nji tapgyrlar eýeleýär. 4-nji we 8-nji tapgyrlarda bary-ýogy 5 pökgi geçirilipdi.

291 pökgi: Möwsümde derwezelere jemi 291 pökgi girizildi. Geçen ýyl bilen deňeşdirsek, 14 pökgi kändir.

Bir duşuşykda 7 pökgi: 1-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Nebitçi» duşuşygy Ýokary liganyň 27-nji möwsüminiň iň kän pökgi geçirilen oýny boldy. 5:2 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlanan duşuşykda, görşüňiz ýaly, iki drewezä jemi 7 pökgi geçirilipdir. 12-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Merw» (6:0), 20-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Köpetdag» (5:1) duşuşyklary 6 pökgi bilen tamamlandy.

Iň uly tapawut: 12-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Merw» (6:0) duşuşygyň möwsümde iň uly tapawut bilen gazanylan ýeňiş hökmünde bellige alyndy. 15-nji tapgyrda «Ahal» «Nebitçini» (5:0), 26-njy tapgyrda «Nebitçi» «Energetigi» (5:0) bäş pökgi tapawudy bilen ýeňipdi.

Üç het-trik, 23 goşa pökgi: Möwsümde diňe üç futbolçy ― Pirmyrat Sultanow («Ahal», 15-nji tapgyr), Mihail Titow («Altyn asyr», 20-nji tapgyr) we Mekan Aşyrow («Altyn asyr», 22-nji tapgyr) bir duşuşykda üç gezek tapawutlandy. 17 futbolçy bolsa 23 gezek bir duşuşykda iki pökgi geçirmegi başardylar. Bu başarnyga Didar Durdyýew («Ahal», 12, 15, 28-nji tapgyrlarda) bilen Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr», 1, 9, 12-nji tapgyrlarda) hötde geldiler.

Möwsümde: «Şagadam» 700-nji, «Aşgabat» 400-nji duşuşygyny geçirdi; «Şagadam» 300-nji ýeňşini gazandy; «Merw» 300-nji gezek ýeňildi, «Köpetdag» 1200-nji, «Altyn asyr» 700-nji, «Aşgabat» 600-nji pökgüsini geçirdi; «Nebitçi» 800-nji, «Aşgabat» 500-nji, «Altyn asyr» 300-nji, «Energetik» 200-nji gezek derwezesine pökgi geçirtdi; «Şagadam» 1000-nji, «Altyn asyr» 700-nji, «Energetik» 200-nji utugyny gazandy.

 

Ýatlatma: Makaladaky maglumatlaryň aglabasy awtoryň şahsy hasaplamalaryna daýanýar. Eger olar baradaky bellikleriňizi ýetirseňiz, awtora we türkmen futbolynyň şöhratly taryhyna kömek etdigiňiz bolardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar