Istanbuldan – Türkmenbaşa dört ýyllyk ýol

0
3103

Ýigrimi bäşinji turda Türkmenbaşa myhman bolan “Altyn Asyr” 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy we bassyr altynjy gezek ýurdyň çempiony diýen hormatly ada eýe boldy. Biz ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerini bu uly ýeňişi bilen gyzgyn gutlap olara halkara meýdanlarda-da ýurdumyzyň abyraýyny mynasyp goramagy we ýeňişleriniň mundan beýlägem dowamly bolmagyny arzuw etýäs. Şeýlede aragatnaşykçylaryň rekortly ýoly we göniden göni şu möwsimdäki ajaýyp oýunlary hakynda indiki sanlarymyzda has giňişleýin gürriň etmegi wada berip, tamamlanan 25-nji turdan soňky ýagdaýlar hakda durup geçmekçi.

 

 2005-nji ýyldaky çempionlar ligasy ýadyňyzdamy . Ana şonda “ Milan” oýunyň birinji ýarymda 3:0 hasabynda ýeňip, ikinji ýarymda bolsa üç gol geçirdip 3:3 ligine oýun jemlenipdi. Pinaltylar serýasynda bolsa amat   Liwerpullylara gülip bakdy. Ilkä 0:3 den 3:3 e getirdi we pinaltylarda hem meşhur Şewçenkanyň nädürs urgysy hargulak kubagy dumanly albiona ugratdy goýberdi. Şonda esasy neşirler  “Liwerpulyň” bagty çüwenligini nygtap, “Milanyň” şowsuzlygy hakda bolsa näme üçindir diňe diňe ukraýinaly ýyldyzyň şowsuz urgysyny bellemek bilen çäklendiler. Bu geň zat däl adam näme üçindir iň soňky aýgytlaýjy pursatdaky görnişleri ýatda saklagyç bolýar, göniden göni şojagaz pursadyň özi hakydaňda janlanýar durýar. Belki şonuň üçindir şol  oýunda geçirlen 11 goldan biriniňem nädip tora düşenini göz öňime getirip bilemok welin, Şewçenkonyň topy topulşyndan başlap al-asmana gaýyp giden topa çenli göz öňimde janlanyber, has dogrysy 11 sany geçirilen gol dälde, bir sany geçirilmedik gol gowy ýadymda galypdyr.

   Şewçonkaly meselä biraz soň dolanarys.  Häzir ýurdumuzyň bassyr altynjy gezek çempiony bolmagy başaran “Altyn Asyr” barada. Çempionlygyň  Türkmenbaşyda çözülendigem  bu netijäni hasda şöhlelendirýär. Eýýam haçan oýunyň hasabyndan habarly janköýerlere 25-nji turyň netijeleri hakynda ilik düwmeläp otyrmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Şonuň üçinem aragatnaşykçylaryň nädip üç tur, ýok- ýok hatda galdyrlan bir oýuny bilen 4 tur öňinden çempion bolanlygy hakda pikir ýöretmegi makul bildim.

Boýun almak gerek “Şagadam” bu möwsimi truwbaşdan  güýçli depginde başlady “Altyn Asyr” bilen aşgabatda deň oýnan deňizýakallylar  “öz öýinde hä utsalar gerek” diýen pikiri oýaryp bildi. Diýmek bu eýýam “Şagadamyň” çempionlyk üçin göreşe girişenligini aňlatýar. Hatda olar belli bir wagt aralykda turnir tablissasynyň başynam çekdiler, we edil şu 25 nji tapgyra çenli çempionlyk üçin göreşip geldiler. Bu ýeňlişden soň bolsa çempionlyk üçin göreşmek meselesiniň özi aradan aýryldy. Ýagny indi diňe ikinji ýer üçin göreşip bolýar, özem diňe iki topar “Ahal” we “Şagadam”. Galan toparlar baýrakly orunlardan el ýuwdular. Bu elbetde çempionatyň şowhunynyň artanyny aňlatýar çünki geçen ýyl üçinji oruny eýelän “Energetikda” 42 utuk bardy, bu ýyl bolsa  25-nji turdan soňra üçinji basgançakda duran toparda 42 utuk bar. Diýmek baýrakly orunlar üçin göreş ýitileşýär.  Onda näme üçin çempion 3 tur galanda kesgitlendi?  Meniň pikirimçe bu soragyň has dagry jogaby “Ahalyň” möwsimi öz islegine görä geçirip bilmänligimika diýýän. Topar ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin möwsim ortasyna gelip baş tälimçi Röwşen Meredowy işden aýyryp ýerine tejiribeli Aman Goçumowy belledi. Emma klup ýolbaşçylarynyň bu usuly hem özini aklamady, tersine topar hasam pes netije görkezip başlady we biz tälimçi hökminde, meýdan gyrasynda toparyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekowy görip ugradyk. Diňe şondan soň özine gelen “Ahal” bir seretse çempionlyk meselesi eýýam çözilipdir we tijenmese hatda ikinji orundanam, hatda üçinji orundanam mahrum bolmak meselesi ýüze çykypdy. Bu elbetde “Ahalyň” göniden göni öz meselesi, emma ýaňky aýdan şowsuz oýunlarym “Altyn Asyryň” wagtyndan öň çempion bolmagyna ymykly täsir edenligi hakykatdyr. Şeýle seredenimizde geçen ýyl aragatnaşykçylar 66 utuk bilen çempion bolanynda, yz ýanyndaky topardan 6 utuk ara açypdylar, häzir bolsa,  ýene 4 oýun oýnamalydygyna garamazdan yzyndakydan 9 utuk ara açyp çempionlygyny baýram etdiler. “Entek wagt bar-a, ara tapawut gysgalar” diýýän okyjylar meni bagyşlasyn, çünki men hut çempionyň çempionlygy kesgitlenen wagtky utuk tapawudy hakynda gürriň etýän, möwsimiň jemi hakynda däl. Hut şonuň üçinem şu makalany möwsim tamamlanmaka ýazmagy makul bildim.  Üstesine Türkmenbaşydaky aýgytlaýjy oýun we aýgytlaýjy hasap, aýgytlaýjy golyň yz ýanynda. Bir sözlemde üç gezek “Aýgytlaýjy” diýen sözi ulanmaga mejbur  eden şo gol geçsin geçmesin “Altyn Asyryň” çempionlyk ähtimallygy ulydy ahyry. Ol gol nämesi bilen tapawutly, ençe ýyllap milli ýygyndymyzyň kaptany bolup, “Şagadamyň” agyr ýükini esli wagtlap çekmäni başaran tejribeli futbolçymyz Bagtyýar Hojahmedowyň atdanlykda öz derwezesine  geçirenligi bilen we şol sebäpli “Şagadamyň” juda golaý gelen çempionlykdan mahrum bolanlygy bilen ýatda galyjy.  Golliwud filimlerinde kuliminasion nokada golaýlanda başdaky epizoda aýlanyp gelinşi ýaly  Istanbul  gijeleriniň Şewçenko “bagyşlanan” sahypasyna gaýdyp gelsek.Ol spektaklyň Türkmenbaşyda sahnalaşdyrlasyna bolsa dört ýyl gerek boldy. Şondaky Şewçenko  bizdäki Bagtyýar bolup görindi göýäki. Şewa top dependen soňky dymyşlyk ýadyňyza düşýärmi. Türkmenbaşydaky stadion goldan soň şol ahwala geldi. Şowsyzlykdan soň iki sany ägrirt futbolçyň gamgyn yza gaýdyp baryşy göýäki bir adam ýaly görindi gözime. Olaryň ikisem halkynyň we milli ýygyndysynyň söýgüli futbolçylary, olar öz toparlarynyňam janköýerleriniňem söýgüli futbolçylarydy. Takdyr ikisinede deň şowsuzlygy berdi, olaryň ýalňyşlygy bilen toparlary uly mümkinçiligi elden çykardy. Häzir ikisem şuwagtky ýaly göz öňimde egnini gysyp meýdany terk etýäler. Ikisiniňem hasraty meňzeş, ýöne takdyryň oýnuna seredä olara şeýle bir tapawudam beripdir welin biri salan golunyň beýlekisi salmadyk golunyň armanyny çekýär....

Merdan Baýat 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar