TÝL ― 2019: 23-nji tapgyryň «Ahal» ― «Altyn asyr» duşuşygyndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
2190

«Ahal» ― «Altyn asyr» ― 3:1

Gollar: Pirmyrat Sultanow, Didar Durdyýew, Gurban Annaýew ― Myrat Annaýew (11 m.j.u.).

Durdyýew ýene-de kerwenbaşy: Bu duşuşykdan soňra möwsümdäki gollarynyň sanyny 12-ä çykaran Didar Durdyýew ýene-de ýeke-täk bombardire öwrüldi. Indi ol esasy bäsdeşi Altymyrat Annadurdyýewden 1 gol öňde.

Sultanow ilkinji onlukda: Şu tapgyrda geçiren goly bilen Pirmyrat Sultanow Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň 10-lugyna girdi. Şol möwsümden bäri, biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, diňe Ýokary ligada 54 gol geçiren P.Sultanow 10-njy basgançagy Berdi Şamyradow bilen paýlaşýar.

12 golly bäşinji topar: Şeýlelikde, 23-nji tapgyrda derwezelere 12 pökgi geçirildi. Tapgyr möwsümde 12 golluk netije bilen tamamlanan bäşinji tapgyr boldy.

259 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 259-a çykdy.

«Ahaldaky» 10-njy goly: Pirmyrat Sultanow «Ahalda» Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi we bu topar bilen 2013-nji ýyldan bäri çempionatda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň arasynda ilkinji 20-lige girdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar