Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 18-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
702
TÝL ― 2019: 18-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

 

Dört sany täze golçy: «Köpetdagdan» Ýazgylyç Gurbanow, «Aşgabatdan» Batyr Täçnazarow, «Ahaldan» Elman Tagaýew we «Altyn asyrdan» Mihail Titow dagylar şu möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler. Şeýlelikde, Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 66-a ýetdi.

11 gol: Tapgyr derwezelere 11 pökginiň geçirilmegi bilen tamamlandy. Mundan ozal diňe 15-nji tapgyr göni 11 gol bilen tamamlanypdy.

169 gol: Şeýlelikde, Ýokary liganyň şu möwsüminde geçirilen gollaryň umumy sany 169-a çykdy. 

 

“Nebitçi” – “Köpetdag” – 0:2

Gollar: 11 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 90+1 Ýazgylyç Gurbanow (11m.j.u.) (“Köpetdag”)

 

 “Aşgabat” – “Merw” – 2:1

Gollar: 29 Batyr Täçnazarow, 90+3 Nazar Towakelow (“Aşgabat”) – 30 Döwlet Baýramow (“Merw”)

 

Täçnazarow Ýokary liga geldi: Şu tapgrydaky gol Batyr Täçnazarowyň Ýokary ligadaky ilkinji goludyr.

«Aşgabat» ýubileý duşuşygyny geçirdi: Şu duşuşyk Ýokary ligada 2006-njy ýyldan bäri çykyş edýän «Aşgabadyň» 400-nji duşuşygydyr.

 

“Ahal” – “Energetik” – 4:0

Gollar: 20, 64 Guwanç Abylow, 29 Elman Tagaýew, 44 Didar Durdyýew (“Ahal”)

 

«Ahal» ― ikinji orunda: Tapgyrda «Şagadamyň» «Altyn asyrdan» ýeňilmegi bilen «Ahal» ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna geçdi.

Didar Durdyýew birinji: Möwsümdäki 11-nji pökgüsini geçiren «Ahalyň» «11-ligi» bombardirlik sanawynyň birinji ornunyň ýeke-täk eýesi boldy.

Durdyýew «Ahalyň» bombardirliginde Orazsähedowa şärikdeş: «Ahalyň» düzüminde oýnan ýyllarynda Ýokary ligadaky 33-nji goluny geçiren Didar Durdyýew bu netijede Wahyt Orazsähedow bilen birinji orna şärikdeş boldy.

 

“Altyn Asyr” – “Şagadam” – 2:0

Gollar: 29 Mihail Titow, 44 Selim Nurmyradow (“Altyn Asyr”).    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar