Soňky habarlar

Arhiw

"Ýaşlyk" teleradioýaýlymynyň "Çagalaryň sesi" gepleşiginiň alypbaryjysy Batyr Hojanyýazow bilen söhbetdeşlik

0
4561

— Batyr, ilki bilen bellemeli zat: özüňiz döredijilik bilen meşgullanýarsyňyz. Çeper döredijilik we çagalar gepleşigi — bularyň bir-biri bilen baglanyşygy-ha bardyr.

— Elbetde. Men täjirçilik ugrundan ýokary bilim aldym. Heniz talypkam döredijilik bilen gyzyklanýardym, gazet-žurnallar bilen aragatnaşyk saklaýardym. Bir gezek çagalar üçin ýazan goşgularymy alyp «Güneş» žurnalynyň redaksiýasyna baranymda, žurnal bilen teleýaýlymyň bilelikdäki çagalar gepleşigini açmak hakda pikir alyşdyk. Şeýdip, 2011-nji ýylda «Çagalaryň sesi» teleýaýlyma çykdy.

— Dogrudanam, biz gepleşikde «çagalaryň sesini-hä» eşidýäris. Şonuň üçinem: «Köp wagt däl, ýene-de laýyjak bir hepdeden siziň bilen duşuşarys» diýen sözleriňizden soň, çagalar indiki gepleşige sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Munuň üçin irginsiz zähmet gerekdir.

— Ilki bilen, höwes gerek. Soň yhlas bilen zähmet utgaşýar welin, ähli işler sazlaşyp gidiberýär eken. Ýolugra döreýän kiçijik kemçilikleri, goýberilýän säwlikleri soňky gezek gaýtalamazlyga çalyşýarsyň.

— Meselem...

— Ilkibadalar gepleşigi görenler: «Özüňi gaty agras alyp barýarsyň, birazajyk çaga häsiýetlerini, hereketlerini öwren» diýdiler. Muny synap gördüm welin, hiç ýetmeli nokadyna ýetenok, ýasamarak çykýar. Ahyry bir karara geldim: «Çagalaryň islegini bilmeli. Gepleşik janly bolmaly».

— Nähili usulda amala aşyrdyňyz?

— Çaga häsiýetleri dürli-dürli. Käbiri derrew açylyp gidýär, käbiri bolsa ýygrarak. Onsoň birtopar sowal berip görýärsiň: «Sen top oýnamagy halaýarmyň? Dostlaryň kim? Kim bilen myhmançylyga köp gidýärsiň?..» Synlap otyrsyň welin, şol sowallaryň haýsydyr birinde çaganyň ýüzi açylyp gidýär, göwünjeňlik bilen jogap berýär. Onsoň gürrüňi şol ugra gönükdirýärsiň. Çaga derrew açylýar-da, özi gürrüňden gürrüň açyp, ozalky sowallaryňa-da gaýdyp gelýärsiň.

— Has ýygraraklaram-a bolýandyr.

— Bir gezek bir gyzjagazy hiç gürledip bilemok. Ahyry: «Doglan günüň haçan?» diýdim. «Aý, pylança wagt mundan öň geçdi» diýip, göwünsiz jogap berdi. Menem: «Maňa näme üçin aýtmadyň? Onda men-ä senden öýkelejek» diýip, ýüzümi başga ýana öwren bolup oturdym welin, «Ýadymdan çykypdyr-a. Indiki-de hökman aýdaryn» diýip, çyny bilen jogap berip başlady. Şol gepleşik şowlam çykypdy. Diýjek bolýanym: başardygymdan tebigylygy saklamaga çalyşýaryn.

— Bu-da gepleşigiň bir üstünlikli tarapy bolsa gerek. Sebäbi çagalar gepleşikde özlerini şeýle erkin duýýarlar. Belki-de, olaryň siz bilen teleýaýlym arkaly gaýybana tanyşlygyndandyr.

— Dogrusy, ýolda-yzda-da çagalar gabat gelýär welin, senem näme, işli-aladalyrak. Onsoň käwagt edil gepleşikdäki ýaly gürleşip durubam bolanok. Şonda çagalaryň käbiriniň ýüzüme geňgalyjylyk bilen seredýän gezeklerem bolaýýar.

— Okyjylar üçin gyzyklydyr: öz çagalyk pursatlaryňyz.

— Entek 4 ýaşymdakam, garyndaşlarymyz toý etse, hökman ejeme ýalbarýan ekenim: «Elime mikrofon alyp toýda aýdym aýtjak» diýip. Ahyry bir toýda daýzam aýdymçynyň ýanyna eltipdir, hezil edip aýdym aýdypdyryn. Häzirem toýa barsam: «Hany bir aýdym aýdyp ber-dä» diýip, degişýärler. Özüm üçinem gyzykly: toýuň wideoýazgysynda şol aýdan aýdymym saklanyp galypdyr.

— Şeýle höwesiňiz bolan bolsa, onda näme üçin aýdymçy bolmadyňyz?

— Çagalykda arzuw kän-dä. Käte garagollyk diýen ýaly wakalaram bolaýýar. Kiçi synplaryň birinde okaýarkam, söwda bilenem gyzykýardym. Şeýle bir söwda edesim gelýär. Täze ýylda mekdepde oňat okaýanlara sowgat berildi. Mekdepden çykyp, şony satmanyň kül-külüne düşenim ýadymda.

— Täjirçilige höwes etmegiňiziň, ol ugurdan ýokary bilim almagyňyzyň aňyrsynda-da çagalyk höwesi, gyzyklanmasy bar eken-dä?

— Elbetde.

— Çaga terbiýesi hemişe hemme ýerde baş meseleleriň biri. Bir dana: «Her aýdylan söz çaganyň şahsyýetine goýlan bir kerpiçdir» diýýär. Siziň gepleşigiňiziň çaga terbiýesi bilen nähili baglanyşygy bar?

— Soňky döwürde «Dostuň ýalan sözlese näme diýýärsiň?» ýa-da «Doganyň bir ýere äkitjek diýip, äkitmese, näme edýärsiň?» diýen ýaly sowallary hasam köp berýäris. Çaga ýüregindäkini diýýär-diýýär, ahyrynda: «Onda näme etmeli?» diýen ýaly sowal ýüze çykýar, çagany şonuň dogry çözgüdini tapmaga gönükdirýäris. Özi pikirlense, şol zady oňat kabul edýär. Diýmek, çaganyň arassa kalbynda dörän şol kiçijik dogry çözgüdem ony ýene-de bir gezek terbiýeli bolmaga çagyrýar. Bu — gepleşigimiziň esasy maksady.

— Ýene başky sowala gaýdyp geleliň. Çagalar bilen işleşmegiň döredijilige täsiri barmy?

— Ýerlikli sowal. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Şärikli ekin», «Mämmetjan» ýaly döwrebap 3D ölçegli multfilmleriň birnäçesi surata düşürildi. Şol multfilmleriň edebi esasyny ýazdym. Ynha, muny: «Çagalar bilen işleşmegimiň döredijiligime täsiri» diýip aýdyp bilerin. Şeýle-de birnäçe goşgularym aýdyma öwrüldi.

— Dowamly bolsun! Batyr, söhbedimizi körpe okyjylarymyza arzuwlaryňyz bilen jemläýeliň.

— Sag boluň! Eziz çagalar! Hemişe ene-atalaryňyzyň, mugallymlaryňyzyň aýdanlaryny diňläň, ýerine ýetiriň! Okuwda, okuwdan soň hemişe tertiplije boluň! Özüňizden ululara hökman salam beriň! Dostlaryňyz, doganlaryňyz bilen hemişe agzybir boluň! Şonda ulular beýleki çagalara sizi görkezip: «Ynha, şunuň ýaly edep-terbiýeli boluň!» diýerler.

Söhbetdeşlik "Nesil" gazetiniň 2019-njy ýylyň 16-njy iýuldaky sanyndan alyndy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar