Soňky habarlar

Arhiw

Seniň täleýnamaň (5.08.2019 - 11.08.2019)

0
4826

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Hamallar geljek hepdede seljerme işleri bilen köpräk meşgul bolmaly bolarlar. Siziň üçin geljek hepde maliýe meseleleri babatynda biraz çylşyrymly bolar. Maşgala býujetiňizde serişdeleriň oňyn hem-de ýerlikli özleşdirilmezligi sizi biraz alada goýar. Howatyrlanmaň, bu wagtlaýyndyr, hepdäniň ahyryna çenli ähli zat ýerbe-ýer bolar. Öz işine aşa berlen hamallara geljek hepdede hünär basgançagynda beýgelme mümkinçiliginiň bardygyny ýyldyzlar duýdurýarlar.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Geljek hepdede sowurlaryň garaşýan netijeli işleri ugruna bolar, garaşylmadyk peýdalary gazanarsyňyz. Ýakyn günleriň içinde siz öz ukyplaryňyzy täze zatlarda synap görmelisiňiz, öý bezegleriňizde bir zatlary üýtgedip görüň ýa-da işiňizde täzeçe usullary tapyň we ulanyň. Ýaş sowurlar howaýylykdan daş durmalydyrlar. Çünki durmuşyň köp bölegi entek siziň öňüňizde. Onuň manyly bolmagynyň hut siziň özüňize bagly bolup durýandygyny unutmaň.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Jöwzalar üçin geljek hepde garaşylmadyk wakalara baý bolar. Duýdansyz maliýe girdejileriňiziň artmagy mümkin. Wezipeli adamlaryň goldawy sizi täze üstünliklere ruhlandyrar. Şäheriň daşyna, tebigata çykyp maşgalaňyz bilen dynç alyň, boş wagtyňyzy netijeli geçirmeklige synanyşyň. Iýmit düzgünleriňize ünsli boluň. Saglygyňyz hakynda öňünden alada ediň. Geljek hepde durmuşda ýaryny gözleýän jöwzalar üçin aýratyn oňaýlydyr.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Seretanlar geljek hepdede özlerine aşa köp sowal bererler. Çünki käbir garaşylýan wakalaryň çapraz gelmegi mümkin, olar sizi biraz düşnüksiz ýagdaýda goýup biler. Ýakynlaryňyzyň goldawyndan ýüz öwürmäň. Garyndaşlaryňyza myhmançylyga gidiň. Adam psihologiýasyna degişli ýörite edebiýatlary okamak bilen ýüze çykan düşnüksiz ýagdaýlary seljerjek boluň. Işde alkyş almaga ýa-da pul baýragyna mynasyp bolmak mümkinçiligi dörär

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Esetleriň durmuşynda geljek hepdäniň wakalary aýratyn ýatdagalyjy bolmaz. Işiňizde we öýde özüňizi rahat we kanagatly alyp baryň. Bu siziň işleriňiziň şowly dowam etmeginiň, maşgalada asuda durmuşyň höküm sürmeginiň özenini düzýändir. Ýakynlaryňyzy täze işlere ruhlandyryň, olara goldaw beriň. Dynç günleriňizi öz islegiňize görä geçiriň. Ýolbaşçylaryňyzyň şu hepdede täze taslamanyň üstünde işlemegi teklip etmegi hem mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Sünbüleler geljek hepdede ýaltalyga, biperwaýlyga ýol bermeli däldirler. Öň başyny başlap, tamamlamadyk taslamalaryňyzyň üstünde işläň, ony soňuna çenli dowam etdiriň. Ýakynlaryňyzyň haýyşlaryny ýerine ýetirmeklige çalşyň. Geljek hepdede başyna baran ähli işleriňiziň ugruna boljakdygyny, üstünligiň garaşýandygyny ýyldyzlar duýdurýarlar. Dynç günlerinde maşgalaňyz bilen birlikde tebigata çykmak ýa-da arassa howada gezelenç etmek netijeli bolar. 

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Käbir mizanlar geljek hepdede girdejilerini artdyryp bilerler. Täze çeşmelerden maliýe girdejileri bolar. Uzak wagtlap öz söýgüsini gözleýän mizanlar üçin hepde şowly bolar. Geljek hepdede size garaşylmadyk ýerden ýakymly habar geler. Mizanlar öz maşgala agzalaryna aýratyn ünsli we eserdeň bolmalydyrlar. Hiç kimiň göwnüne degmäň, tersine ýakymly we hoşamaý hereketleriňiz bilen olaryň göwünlerini almaklyga çalşyň

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Akraplar geljek hepdede özleriniň ýyldyzlarynyň goldawyna hemmetaraplaýyn bil baglap bilerler. Çünki geljek hepde akraplar üçin düşümli bolar. Ähli meselelere işjeň çemeleşiň, bu geljekki üstünlikleriňizi kepillendirýär. Geljek hepde resminama işleri, geleşikleriň baglaşylmagy, hyzmatdaşlaryň gözlegi babatynda oňaýlydyr. Dynç wagtyňyzda täze güýmenjeleriň gözleginde boluň, tebigata çykyň. 

Kowus (keman 23.11-21.12)

Geljek hepdede ýakynlaryňyzyň ýa-da dostuňyzyň düşnüksiz hereketleri sizi biraz biynjalyk eder. Aşa üns bermäň. Rahat we asuda ýagdaýda bolmaklyga synanyşyň. Resminamalar bilen işleýän kowuslar seresaplylygy we ünslüligi elden bermeli däldirler. Öňdebaryjy tejribelere ünsli boluň. Dynç günleri gündelik işiňizden uzaklaşyň we saglygyňyzyň aladasyny ediň. Tebigata gezelenje çykyň, duşuşyklary guraň.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Jedileriň geljek hepdede ownuk maşgala we hojalyk aladalary köp bolar. Çagalara ýa-da ýaşuly garyndaşlaryňyza ýakyndan kömek ediň. Şol birwagtyň özünde özüňiziň hünär ussatlygyňyzy ýene-de bir gezek subut etmeli bolarsyňyz. Ýolbaşçylaryňyz bilen jedelleşmäň we wakalary öz akymyna goýberiň. Maşgala agzalaryňyz bilen hoşamaý boluň. Dynç alyş günlerini saglygyňyz üçin peýdaly we ýakymly işler bilen geçiriň. 

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar geljek hepdede ýadamaly däldirler, tersine köpräk güýç toplamaly bolarlar. Hereketde boluň, kompýuteriň başynda aşa köp oturmazlyga synanyşyň. Hepde öz üstüňizde işlemek, daş keşbiňizi üýtgetmek ýa-da daşary ýurt dilleri okuwlaryna başlamak üçin oňaýlydyr. Öýde abatlaýyş işlerine başlaň. Oňa maşgala agzalaryňyzy hem işjeň çekiň, bu elbetde, agzybirligiňiziň hem-de jebisligiňiziň has-da berkemegine ýardam eder. 

 Hut (balyk 21.02-20.03)

Hutlaryň geljek hepdede biraz ýürek gysdyryjy ýagdaýlara düşmekleri mümkin. Siz bu ýagdaýy täze kitaplary okamak, şahsy döredijilik ýa-da özboluşly hem-de ýakymly filmleriň görülmegi bilen üýtgedip bilersiňiz. Ýakyn günlerde zerur bolan resminamalaryňyzyň düzedilmegine, täze pikirleriň ýa-da geljek üçin meýilnamalaryň düzülmegine girişiň. Käbir hutlara geljek hepdede lukmana ýüz tutmak has bähbitli bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar