Soňky habarlar

Archive news

Synag gaýgysy we ony nädip ýeňmeli?

0
410
Synag gaýgysy we ony nädip ýeňmeli?

Synagyň boljak güni golaýladygyça ony gaýgy etmeýän, synagyň nähili geçjekdigi barada aladalanmaýan, soraglaryň bilýän temalaryndan düşmegini dilemeýän, eliniň aýalarynyň içi derläp, uludan-uludan dem almaýan, öz-özüne “Synagdan geçip bilermikäm ýa-da ýykylaýarmykam? Geçip bilmesem näme diýerkäler? Sorag soralanynda aljyrap duraýarmykam ýa?” diýen ýaly sowallary gaýta-gaýta soramaýan... dalaşgär, megerem, ýok bolsa gerek.

Eýsem, synagy gaýgy etmek dogrumyka? Synag barada aşa aladalanmak dalaşgäre nahili täsir edip biler? Synag gaýgysyny azaltmak üçin näme etmeli? Ine, şu we beýlekiler barada biz ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna taýýarlyk görýän dalaşgärlere degerli maslahatlary bermekligi makul bildik.

Gaýgy zyýanlymy?

Gaýgy – munuň özi ynsanyň ruhy haly bolup, bu duýgy adamda aladany, ünjüli pikiri, gam-gussany oýarýar. Türkmen halkymyzyň edebi mirasynda “Gaýgy garrydar, gam öldir” diýlen nakyl hem bar. Emma gaýga diňe bu nakyl esasynda çemeleşip, oňa zyýanly diýmek dogrumyka?

Biz islendik bir zady gaýgy etsek, şol barada hem aladalanyp başlaýarys. Eger-de bitmän duran işimizi gaýgy etsek, ony bitirmek ugrunda göreşýäris. Näsagy gaýgy etsek, onuň sagalmagy ugrunda ala edýäris. Bir ýere öz wagtynda ýetişmegi gaýgy etsek, ir bilen ýola düşmek bilen bolýarys. Eýsem, şu nukdaýnazardan serediniňde gaýgy bize belli bir derejede zerur bolan işleri bitirmäge itergi berýän içerki güýç – stimulýator hökmünde hem ýüze çykýar. Emma aşa gaýgy nakylda beýan edilişi ýaly, hiç hili netije bermeýär.

Giriş synaglary babatynda hem biraz gaýgy biziň köpräk okamagymyza täsirini ýetirýän bolsa-da, aşa gaýgy okamakdan elimiziň sowaşmagyna, höwesimiziň gaçmagyna, badymyzyň gowşamagyna, aljyraňňy ýagdaýa düşmegimize sebäp bolýar. Şonuň üçin hem käbir dalaşgärler synag gaýgysy zerarly özlerinden garaşylýan netijäni görkezip bilmeýärler.

Synag gaýgysynyň alamatlary

Synag gaýgysy biziň zehinimize, fiziologiýamyza, duýgularymyza, hereketlerimize şeýle täsir edýär:

ýatkeşligimiz pese gaçýar;
ünsümizi jemlemekde, bilýän maglumatlarymyzy öz ýerinde ulanmakda kynçylyk çekýäris;
otrisatel düşünjeler (synagdan geçip bilmerin; gören taýýarlygym ýeterlik bolmaz; menden güýçlüler kändir...) aňymyzy gurşap alýar;
ýürek urgusy çaltlanýar, dem alşymyz ýygylaşýar, myşsalarda dartgynlylyk, titreme emele gelýär;
der basýar, ýüregimiz bulanýar, başymyz aýlanýar;
aşa tolgunýarys, tiz gaharlanýarys, gorkýarys, öz-özümizi ejiz duýýarys;
synaga taýýarlanmagy soňa goýýarys;
synagy ortasynda taşlap gaýdýarys;
synaga gatnaşmakdan, ol barada söz açmakdan gorkýarys;
synagda bilýän maglumatlarymyzy hem unudýarys we başgalar.

Synag gaýgysyny azaltmagyň ýollary

Ýokarda synag gaýgysynyň bizde ýüze çykarýan alamatlary bilen tanyş bolan bolsaňyz, olaryň biziň başarnygymyza, zehinimize, taýýarlygymyza nähili ters täsir edip biljekdigine göz ýetiren bolsaňyz gerek. Eýsem, synag gaýgysyny ýeňip geçmek ýa-da ony belli bir derejede azaltmak üçin näme etmeli?

Synagdan bir gün öň:

özüňiziň synag tabşyrmaga taýýardygyňyza ynanyň;
bu synagyň ömrüňizdäki iň soňky synag däldigine düşüniň;
synagyň nähili geçjekdigi baradaky pikirlerden saplanyň;
 ruhuňyzy göterjek zatlar barada – öňki gazanan üstünlikleriňiz, başarnyklaryňyz hakynda oýlanyň;
agyr naharlary iýmekden saklanyň;
synag resminamalaryňyzy we geýimleriňizi taýýar edip goýuň;
öwrenişen sagadyňyzda ýatmaga çalşyň.

Synag güni:

irden turuň;
ýeňiljek ertirlik ediniň;
ýanyňyza synag resminamalaryny alyp-almadygyňyzy barlaň;
öňki öwrenişen aýakgabyňyzy geýiň;
synagyň geçiriljek ýerine biraz irräk gidiň, eger-de garaşmak sizi gaýga goýýan bolsa, onda ýanyňyza alan ders bellikleriňize göz aýlaň;
synagyň geçjek auditoriýasyny, wagtyny, özüňiziň näçenji bolup synaga girjekdigiňizi bir ýere bellik ediň.

Synagyň dowamynda:

synagyň bilýänligiňizi subut etmek üçin döredilen pursatdygyna düşüniň;
synagy gaýgy etmegiň deregine, başardygyňyzdan soraglary iň gowy derejede jogaplamaga çalşyň;
soraga düşünip-düşünmedigiňizi gaýtadan barlaň;
mugallymyň görkezmelerini ünsli diňläň we düşünmedik ýeriňizi gaýtadan soraň;
daş-töweregiňizdäkileriň näme edýäni bilen gyzyklanmaň we olaryň özlerini alyp baryşlaryna üns bermäň;
göçürmäge we ýanyňyzdakylar bilen gürleşmäge çalyşmaň;
howlukmaň, emma wagtyň çäklidigini hem unutmaň;
aram-aram oturyşyňyzy üýtgediň, uludan dem alyň;
gaýgy basmarlasa, synagdan çykmagyň gowy çözgütdigine ynanmaň. Çünki synaga gaýtadan girip bolmaýandygyna düşüniň;
synagdan geçseňiz, özüňiziň we siziň ýakynlaryňyzyň nä derejede begenjekdigi barada oýlanyň.

Test soraglary bilen baglanyşykly käbir bellikler:

test kitapçaňyzyň ähli sahypalarynyň ýerbe-ýerdigini gözden geçiriň;
kyn soraglaryň üstünde köp wagt sarp etmäň;
berlen dürli jogaplardan öň soragy okaň;
soragyň düýp manysyna dogry düşünmäge çalşyň;
ýalňyş jogap dogry jogabyň balyny kemeldýän bolsa, anyk bilmedik soraglaryňyzy jogaplamaň;

mümkin boldugynda berlen dört ýa-da bäş jogabyň arasyndan ýalňyş bolup biläýjek jogaplary aradan aýyrmaga çalşyň.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş makalalar
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň