Soňky habarlar

Arhiw

Professor Ömer Çomakly: "Erzurumlylar" türkmen medeniýeti bilen tanyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşdylar"

0
1395

Atatürk uniwersiteti Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleriniň esasy dabaralarynyň geçirilen ýeridir. 52 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanly bilen bagly halkara dabarany kabul edýän uniwersitetiň mugallymlar düzüminde-de, talyplarynda-da özboluşly medeniýet baýramyna gyzyklanma diýseň uly boldy. Dabaralaryň çäginde bir uniwersitetiň rektory, professor, doktor Ömer Çomakly bilen söhbetdeş bolduk.

― Hemişelik dostumyz, doganymyz türkmen halkynyň milli medeniýeti bilen bagly şeýle ähmiýetli çäräniň uniwersitetimizde geçirilmegi biziň üçin belent mertebedir. Şu günleri uniwersitetimiz ýarym asyrdan gowrak taryhynyň iň şanly günleriniň hataryna gypynçsyz goşup bileris ― diýip, rektor söhbetdeşligimiziň başynda bu belent ynam üçin dabaralary gurnaýjylara hoşallyk bildirdi.

― Uniwersitetiň köpugurly we giň gerimlidigi onuň eýeleýän meýdanyndan hem görnüp dur. Ýöne has anyk maglumatlary onuň ýolbaşçysyndan eşitmek biziň üçin hem ýakymly.

― Gündizki we agşamky bölümlerde sapak berýän uniwersitetimizde diňe fakultetleriň sany 20-ä golaýlaýar.Uniwersitetimizde ýazgyda duran talyplarymyzyň sany bolsa 400 müňden hem geçýär. Berilýän bilim diňe ýokary bilim bilen çäklenmän, magistraturadyr aspiranturada hem dowam edýär. Soňky basgançaklary geçmek ýa geçmezlik talybyň özüne bagly. Umuman, uniwersitetimiziň Türkiýedäki iň gowy 10, Ýer ýüzi boýunça alanyňda bolsa iň gowy 500 uniwersitetiň hataryna girýändigi bizi begendirýär.

― Edil häzir Türkmenistandan näçeräk talyp bar?

― 150-den geçýär. Olar uniwersitetiň tas ähli fakultetlerinde diýen ýaly bilim alýarlar. Hemişe bolşy ýaly, türkmenistanly talyplarymyzyň biziň iň zehinli, iň işjeň talyplarymyzyň hatarynda olaryň arasynda okuwyny magtraturadyr aspiranturalarda dowam etdirip, ylmyň çuňluklaryna aralaşyp ýörenleri hem az däl.

― Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Erzurumdaky dabaralarynyň hut siziň uniwersitetiňizde geçirilmeginiň talyplar üçin nähili ähmiýeti bar?

― Bizde taryh we medeniýet çuňňur öwrenilýär. Hatda uniwersitetiň düzüminde Sungat instituty hem hereket edýär. Dünýä dilleri, şol sanda türki diller çuňlaşdyryp öwredilýär. Dil bilen birlikde şol halkyň medeniýetiniň hem ugurdaş öwrenilýändigi öz-özünden düşnükli. Şonuň üçin hem Türkkmenistanyň Medeniýet günleriniň çägindäki dabaralar talyplarymyzyň öwrenenlerini hut uniwersitetiň çäginde görmegine şert döretdi. Özüňiz görýärsiňiz, dabaralara gyzyklanma örän uly. Heniz hem bu dabaralar tomusky dynç alyş döwrüne gabat geldi, Medeniýet günlerine diňe Türkiýedäki we az sanly daşary ýurtly talyplarymyz gatnaşyp bilýär. Okuw dowam edýän döwri gelen bolsadyňyz, belki aýak basmaga-da ýer bolmazdy.

― Diýmek, Erzurum Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaralary üçin Türkiýedäki iň dogry salgylaryň biri-dä!

― Türkmen doganlarymyz Türkiýäniň islendik ýerine barsa hem gadyry şundan kem bolmaz. Çünki türkmen medeniýeti ― biziň öz medeniýetimiz. Ýöne Erzurum barada gürrüň başgaça. Seljuk türkmenleriň Kiçi Aziýada ilkinji ýerleşen üç ýeriniň biri Erzurumdyr. Muny taryhçylarymyz hem tassyklaýar. Şäherde seljuklylar döwrüne degişli taryhy ýadygärlikleriň köp sanlysy bar. Bu şol baý medeniýetiň şäherimize döwrebap röwüşde gaýdyp gelmegi, aslynda, asyrlaryň uly sazlaşygydyr. Şol sazlaşykdan uly paýyň biziň uniwersitetimize ýetendigi üçin bolsa biz Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

― Köp sag boluň, hormatly rektor! Bizi giň gujak, açyk göwün bilen garşylandygyňyz üçin biz hem size hoşallyk bildirýäris. Işleriňiz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

― Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar