Gyzykly Bolliwud. Eşidipmidiňiz?

0
2353
  • Meşhur hindi aktýor we aktrisalarynyň çyn atlary: Akşaý Kumar – Rajiw hari Om Bhatiýa; Rajeş Hanna – Rawi Kapur; Sanni Deol – Ajaý Singh Deol; Bobbi Deol – Wijaý Singh Deol; Ajaý Dewgan – Wişal Dewgan.
  • Aktrisalar Şri Dewi we Juhi Çawlanyň ikisiniň hem gyzynyň ady – Janwi.
  • Amir Hanyň aýaly Rina bilen Şakruh Hanyň aýaly Gauriniň ikisiniň hem doglan günleri 8-nji oktýabr.
  • Biziň Lakan diýip tanaýan aktýorymyz Anil Kapur Bombeýe geleninde ilki Raj Kapuryň garažynda ýaşaýar. Soňra bolsa serişde toplap, Bombeýiň iň gowy jaýlaryndan birini satyn alýar.
  • Sanni, Bobbi we Işa Deolyň kakasy Dharmendra ýa-da “Zita we Gita” filmindäki Raka ýaş wagty öz döwrüniň meşhur aktrisasy Suraiýanyň filmlerine tomaşa etmek üçin 40 gezekden gowrak kilometrlerçe ýoly ýöräp geçipdir.
  • Amitabah Baççan “Bird” atly gämi kompaniýasyndaky hammallyk işini taşlap, aktýor bolmagy ýüregine düwüpdir.
  • Abhişek Baççan juda degişgendir. Hatda ol “Şaharat” atly film surata düşürilýän döwürde uklap ýatan ähli kişiniň kellesinden suw goýup çykypdyr.
  • Raj Kapuryň “Meniň adym masgarabaz” atly filmi ilkinji iki bölümden ybarat hindi kinosydyr.
  • Şridewi 13 ýaşyndaka tamil filmleriniň birinde öweý ejäniň keşbini janlandyrypdyr.
  • Kajolyň almaz daşlary bilen bezelen owadan ýüzügi bar. Ol bu ýüzügini hatda filmde surata düşýärkä-de elinden goýmaýar.
  • “Kaho Naa Pyar Hai” («“Seni söýýän” diý») atly film Ginnesiň rekordlar kitabynyň 2002-nji ýyldaky neşirine “Iň köp baýraga mynasyp bolan film” hökmünde girizilendir. Film jemi 92 sany baýraga mynasyp bolupdyr. Filmde Hritik Roşan we Amişa Patel baş keşpleri ýerine ýetirýär.
  • Amir Hanyň “Lagaan” atly filminiň dowamlylygy 4 sagatdyr. Bu film “Iň köp iňlis artistiniň surata düşen filmi” hökmünde Bolliwudyň taryhyna girendir.
  • Raj Kapuryň “Şaşi Kapur” diýlen lakamy “Taksi” diýmekligi aňladýar.
  • Şakruh Han hem kolleji, hem uniwersiteti bahalarynyň ýokarylygy boýunça birinjilik bilen tamamlaýar.
  • Raj Kapur ilki kino düşürilýän ýerleri arassalaýan bolup işläpdir.
  • Amitabah Baççanyň muşdaklary Kalkuttada onuň adyna ybadathana bina edipdirler. Bu ybadathanada onuň filmleri we suratlary saklanylýar.
  • Amir Han ähli zadyň kämil ýerine ýetirilmegini isleýän aktýor hökmünde tanalýar. Hatda ol bir gezek howply sahnalaryň birini öz ýerine ýetirjek bolup, tas heläk bolupdyr.
  • “Bolliwud” sözi hindi kinolary üçin Kaliforniýadaky “Golliwud” sözüne çalymdaş edip ulanylýar. Ol hatda “Oksford iňlis dili sözlügine” hem girizilendir.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar