AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" - "Dordoý" duşuşygyndan soň käbir bellikler

0
1650
  • Bu duşuşyk ýurdumyzyň futbol toparlarynyň yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndaky 90-njy duşuşygy hökmünde bellige alyndy.
  • Gazanylan ýeňiş ýurdumyzyň toparlarynyň bu ýaryşdaky 30-njy ýeňşidir. 
  • Duşuşykdan soňra biziň toparlarymyzyň ýaryşda geçiren pökgüleriniň sany 121-e çykdy.
  • Duşuşyk türkmen toparlarynyň Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri bilen geçiren 17-nji duşuşygy hökmünde bellige alyndy. Şol sanda, "Dordoý" bilen geçirilen duşuşyklaryň sany 9-a ýetdi.
  • AFK-nyň kubogynda Altymyrat Annadurdyýew 16-njy, Myrat Ýagşyýew 12-nji pökgüsini geçirdi. Şol sanda "Dordoýyň" derwezesine A.Annadurdyýew 3-nji, M.Ýagşyýew 2-nji pökgüsini geçirdi. Bu iki futbolçy yklym ýaryşynda iň köp tapawutlanan türkmen futbolçylarydyr.
  • Yklym ýaryşyndaky 29-njy duşuşygyny geçiren "Altyn asyr" 13-nji ýeňşini gazandy.Toparyň geçiren pökgüleriniň sany bolsa 48-e çykdy.
  • "Dordoýdan" Azamat Baýmatow "Altyn asyryň" yklym ýaryşyndaky duşuşyklarynda öz derwezesine pökgi geçiren üçünji futbolçydyr. Ozal şeýle ýagdaý Gyrgyz Respublikasynyň "Alaýy" we Liwanyň "Al-Ahed" toparlary bilen bolan duşuşyklarda gaýtalanypdy.
  • Yklym ýaryşynda "Dordoý" bilen dördünji duşuşygyny geçiren "Altyn asyr" şolaryň üçüsinde ýeňiş gazandy, bir duşuşyk bolsa deňme-deňlikde tamamlandy. Şol duşuşyklarda türkmen futbolçylary garşydaşyň derwezesine 9 pökgi geçirdiler. "Dordoý" "Istikloldan" (Täjigistan) soň yklym ýaryşynda "Altyn asyr" bilen iň kän duşuşyk geçiren ikinji topardyr. 26-njy iýunda boljak duşuşyk Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň Täjigistanyň çempiony bilen geçirjek altynjy duşuşygy bolar.
  •  
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar