Ylgamak we saglyk

0
4941

Täze  Zelandiýada 1961-nji ýylda ýeňil atletikaçylaryň çäginde dünýäde ilkinji bolup “Djoging” (ýuwaşjadan  birsydyrgyn ylgamak) topary emele geldi. Türkmenistanda ilkinji ylgaýjylar kluby Aşgabat şäherinde geçen asyryň 80-nji ýyllarynda  döredildi. Häzir Türkmenistanda ylgawy söýüjiler kluby onlarça bolup, ylgaýjylar ol ýerde türgenleşik işlerini geçmek bilen bir hatarda tejribeli tälimçilerden usuly  maslahatlar, kömekler alýarlar.

Biz näme üçin sport serişdeleriniň köpüsiniň içinden ylgamagy saýlaýarys? Ilkinji nobatda ylgamak sportuň beýleki görnüşleri ýaly sport meýdançalaryny, enjamlary, gurallary talap etmeýär. Pasyllaryň howasyna kybapdaş sport egin-eşigi, ylgaýjynyň islegi bolsa başga zat gerek däl. Ikinjiden,  ylgamak hem ýöremek ýaly adam üçin dogabitdi tebigy hereket bolup, onuň tilsimini adam täzeden öwrenmeli däl, çünki ol çagalyk döwrümizden bäri bize tanyş.

Ylgaýjydan uly bolmadyk birdeň güýji talap edýän birmeňzeş gaýtalanyp durýan bu hereket, dem alyş, gan aýlanyş we beýleki içki agzalarynyň ösmegine amatly täsir edýär. Ylgaw wagtynda iş we dynç alyş döwri amatly ýagdaýda çalşyp durýar, hereket ediji ulgamlaryň we içki agzalaryň funksional sazlaşygy takyk ýola goýulýar. Ylganylýan wagty fiziki iş daýanç-hereket apparatynyň nerw süýümleriniň  uçlary gyjynýar: impulslar merkezi nerw ulgamyna - kelle beýnä barýar. Impulslar ol ýerde derňelip, ähli içki agzalara ýollanylýar. Bu bolsa içki agzalaryň işiniň işjeňleşmegine (ylaýta-da ýüregiň we öýkeniniň) getirýär, myşsalaryň kisloroda we iýmitlendiriji maddalara bolan islegini kanagatlandyrýar. Hereket ediji ulgamyň, ylaýta-da süňk myşsalarynyň şeýle reflektor täsiri, içki agzalaryň kadaly işlemegi üçin hökmany.

Olaryň funksiýasynyň üýtgetmeginiň derejesi bolsa myşsalaryň işiniň çaltlaşmagyna  bagly bolýar. Ylgaw bilen yzygider türgenleşilende içki agzalaryň we ulgamlaryň işjeňligi ösýär we kämilleşýär, bu bolsa tutuşlaýyn bedeniň  hemme taraplaýyn gurplanmagyna  getirýär. Ylgaýan adamlar, bedende bolup geçýän fiziologik üýtgeşmelerini birbada duýmasalaram, ylgamagyň berýän şähdiaçyklyk, özüňi ýeňil duýmak, işjeňlik, sagdynlyk ýaly  oňyn täsirlerine tiz wagtdan göz ýetirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar