Soňky habarlar

Arhiw

Artykmaç agram saglyga zyýanly

0
3745

Ylgaýanlaryň arasynda sorag geçirenimizde olaryň  20 göteriminiň horlanmak, agramyny ýeňletmek üçin ylgaýandyklaryny kesgitledik. Eýsem kadadan  artykmaç  agram nireden, nämeden emele gelýär? 

Köpler horluga ýa-da semizlige nesil yzarlaýan alamat hökmünde seredýärler. Şeýle pikire ynanýanlar bilen azajyk ylalaşsa bolar, ýöne agyr agramyň esasy sebäbi işdä bilen kaloriýaly iýmitiň köp iýilip, az hereket edilmegindedir. Artykmaç agram lukmanlaryň öňünde-de uly mesele bolup durýar. Agramyň artmagy ýürek keselleriniň ýaýramagyna, gan basyşynyň  ýokarlanmagyna, süýji keselleriniň döremegine getirýär. Agramy bolmaly ýagdaýyndan 13 kilogram köp gelýän adamyň ýüreginde, myşsalarynda, damarlarynda dert köpelip, günüň  dowamynda ýarty halta ýeralma göterip gezen ýaly bolýar

Köp iýmegiň, hereket ýetmezçiliginiň ösen ýurtlar üçin häzirki döwürde iň uly mesele bolup durýandygyny alymlarymyz, soziologlarymyz kesgitlediler. Köpleri haýsy agramy, göwräniň,ýaşyň üçin iň amatlysy hasaplap bolar diýen sorag gyzyklandyrýar. “Siziň üçiniň gowy agram siziň ýaş wagtyňyzda özüňizi oňat duýýan wagtyňyzdaky agramyňyzdyr”- diýip A.Lidýard belleýär. Şol agramy bütin ömrüňiziň dowamynda saklamaga çalyşmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar