Futbol, TÝL - 2019: 2-nji tapgyryň galdyrylan duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1345

2-nji tapgyryň galdyrylan duşuşyklaryndan soň umumy aýratynlyklar:

Ýaryş tertibi: «Ahal» 6/16; «Şagadam» 6/11; «Nebitçi» 6/9; «Altyn asyr» 4/8; «Energetik» 5/7; «Köpetdag» 6/6; «Merw» 5/3; «Aşgabat» 6/3.

Ýene iki golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanyna ýene iki futbolçy goşuldy. Olar «Köpetdagdan» Berdi Hotdyýew bilen «Şagadamdan» Röwşen Halmämmedowdyr. Şeýlelikde, şu möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 33-e ýetdi.

2-nji tapgyrda 10 gol: Ilkinji iki duşuşygynda bary-ýogy 3 pökgi geçirilen tapgyrda indi 10 gol bar. Elbetde bu «üstünlikde» «Köpetdag» ― «Şagadam» (1:4) duşuşygynyň uly paýynyň bardygyny ýatdan çykarmak bolmaz. Ýeri gelende aýtsak, şu duşuşykdan ozal geçirilen 6-njy tapgyr hem 10 gol bilen tamamlanypdy.

54 gol: Çempionatda geçirilen gollaryň sany 54-e çykdy.

 

 “Köpetdag” – “Şagadam” – 1:4

Gollar: 75 Berdi Hotdyýew – 18 Rasul Mahmudow (öz derwezesine), 34 Serdaraly Ataýew, 40 Röwşengeldi Halmämmedow, 90 Kerim Hojaberdiýew.

«Şagadam» ikinji orna geçdi: Utuşdan soňra utugyny 11-e çykaran «Şagadam» ýaryş tertibinde ikinji orna geçdi.

10 utuk gazanan ikinji topar: Kenarlylar şu möwsümde 10 utuklyk sepgide ýeten ikinji topardyr. Birinji orundaky «Ahalyň» 16 utugy bar.

10 gol geçiren ikinji topar: «Şagadamyň» möwsümde geçiren gollary 10-a deňleşdi. Birinji orundaky «Ahalda» 11 gol bar.

Aralyk ýygryldy: «Ahal» bilen ikinji orundaky toparyň arasyndaky utuk tapawudy geçen tapgyrda 6 utukdy. Bu gezek «Şagadam» aralygy 1 utuk ýakynlaşdyrdy.

Üçünji ýeňiş, ikinji orun: «Şagadam» möwsümdäki üçünji ýeňşini gazandy. Garşydaşlaryndan bir gezek asgyn gelen toparda, iki deňlik bar. «Kenarlylar» häzir ýeňişleriniň sany boýunça «Nebitçi» bilen bilelikde ikinji orny paýlaşýarlar.

Alty duşuşykda dördünji gussa: Geçen möwsümi Türkmenistanyň kubogy bilen tamamlan «Köpetdagyň» işleri bu ýyl şowuna däl. Alty duşuşykda dördünji gezek ýeňlen «Köpetdag» ýaryş tertibiniň düýbüne ýakynlap barýar.

«Köpetdagyň» «6-lyklary»: 6 duşuşykda garşydaş derwezelere 6 pökgi geçiren «Köpetdag» ýaryş tertibiniň 6-njy ornunda.

Ataýew ― «Şagadamyň» golçusy: «Şagadamyň» şu möwsümde geçiren 10 pökgüsiniň üçüsiniň awtory Serdaraly Ataýew geçen ýyl Gyrgyz çempionatyndaky üstünligini Ýokary ligada hem gaýtalamaga çalyşýar. Ol häzir möwsümd eiň köp tapawutlananlaryň sanawynda «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew bilen bilelikde üçünji orny paýlaşýar. Ýokary liganyň şu möwsüminde bu futbolçylaryň ikisiniň hem hasabynda 3 pökgi bar.

Uly tapawut bilen tamamlanan bäşinji duşuşyk: Şu duşuşyk möwsümde bir toparyň garşydaşyny 3 gol tapawudy bilen ýeňen bäşinji duşuşygydyr. Ýokary liganyň 27-nji möwsüminde ýeňiji toparlara 3 goldan artyk arany açmak heniz başardanok.

Ataýew «Şagadamdaky» 10-njy goluny geçirdi: Gyrgyz Respublikasyna gitmänkä-de bir möwsüm «Şagadamda» futbol oýnan Serdaraly Ataýew kenarýaka toparyň düzümindäki 10-njy goluny geçirdi. Ol bu netije bilen «Şagadamda» 2013-nji ýyldan bäri iň köp tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 10-lugyna girdi.

«Şagadamyň» ýubileý duşuşygy: «Şagadam» Ýokary ligada 670-nji duşuşygyny geçirdi. «Kenarlylar» çempionatda iň kän duşuşyk geçiren toparlaryň arasynda üçünji orunda.

280-nji ýeňiş: «Şagadam» Ýokary ligada 280-nji ýeňşini gazandy. Ol çempionatyň tarayhynda iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda dördünji orny eýeleýär. Üçünji orunda bolsa «kenarlylaryň» şu duşuşykdaky garşydaşy «Köpetdag» bar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi çempionatda häzirki güne çenli 285 ýeňiş gazandy. Ýöne toparyň şu şowsuzlygy, «Şagadamyň» hem ýeňişleri dowam etse, möwsümiň ahyryna çenli olar ornuny çalşyp biler.

Ilkinji awtogol: «Köpetdagdan» Rasul Mahmudow şu möwsümde öz derwezesine gol geçiren ilkinji futbolçydyr.

 

 “Altyn Asyr” – “Ahal” – 1:1

Gollar: 23 Murat Ýakşiýew – 9 Didar Durdyýew

Çempion dördünji orunda galdy: Duşuşykdan diňe bir utuk gazanyp bilen «Altyn asyr» ýaryş tertibinde ýekeje basgançak hem ýokary çykyp bilmedi.

1:1 ýazgytmy?: «Altyn asyryň» bassyr dördünji duşuşygy şol bir hasap ― 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanýar. Olaryň ikisi AFK-nyň kubogyna, galan ikisi Ýokary liga degişlidir. Täsin tarapy, şol duşuşyklaryň ählisinde-de «Altyn asyra» diňe jogap gollary degişlidir. Ýagny, ähli duşuşykda ilki bolup garşydaşlar tapawutlandy.

«Ahal»: ilkinji deňlik: «Ahal» Ýokary liganyň 27-nji möwsüminde ilkinji gezek utuk ýitirdi.

«Altyn asyr» ― deňlikleriň lideri: Möwsümde bassyr ikinji duşuşygyny deňme-deň hasap bilen tamamlan «Altyn asyr» «Şagadam» bilen birlikde möwsümiň «deňlikçileriniň» başyny çekýär. Ýeri gelende aýtsak, 6 tapgyry yzda galan möwsümde heniz dört toparyň ― «Merwiň», «Aşgabadyň», «Köpetdagyň», «Nebitçiniň» duşuşyklarynyň hiç biri hem deňlik bilen tamamlanmady.

TÝL ― 2019-da «Durdyýew şou»: «Ahalyň» soňky üç duşuşygynda hem tapawutlanan, toparynyň şu möwsümdäki alty duşuşygynda 5 pökgi geçiren Didar Durdyýew Ýokary liganyň 27-nji möwsüminde eýýämden göze ildi. Ol bombardirlik ýaryşynda, häzirlikçe, ynamly öňde barýar. Göreliň, ol bu üstünligini möwsümiň ahyryna çenli saklap, karýerasynda ikinji gezek Ýokary liganyň bir möwsüminde iň köp tapawutlanan futbolçy bolup bilermikä?

Didar Durdyýewden sekiz möwsümde 100 gol: Biziň hasaplamalary ýöredip gelýän möwsümimizden ― 2012-nji ýyldan bäri Didar Durdyýew Ýokary ligada 100-nji goluny geçirdi. Ol şol möwsümden bäri çempionatda bu sepgide ýeten üçünji futbolçydyr. Birinji orundaky Süleýman Muhadowda (häzir toparsyz) 142, ikinji orundaky Myrat Ýagşyýewde («Altyn asyr») 115 gol bar. Didar Durdyýew bu gollary «Altyn asyr», «Ahal», «Hazyna» ýaly toparlaryň düzüminde oýnan ýyllarynda geçirdi.

Durdyýew üçünji orunda: Bizde toparlarda 2013-nji ýýyldan bäri pökgi geçiren futbolçylaryň hem hasabaty ýöredilýär. Şol hasabata görä, Didar Durdyýew 27 pökgi bilen «Ahalyň» bombardirleriniň sanawynda üçünji orna geçdi. Sanawyň başyny 33 gol bilen Wahyt Orazsähedow çekýän bolsa, ikinji orunda 29 golly kapitan Didar Hajyýew bar. Eger şu depgin dowam etse, Didar Durdyýew möwsümiň ahyryna çenli «Ahalyň» düzümindäki iň netijeli futbolçy bolup biler.

«Altyn asyryň» 330-njy duşuşygy: «Altyn asyr» Ýokary ligada 330-njy duşuşygyny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar