Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: 5-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
1442

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýene minimal hasaplar: Bäşinji tapgyr hem dördünji tapgyra meňzeş boldy. Duşuşyklaryň üçüsi hem haýsydyr bir toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne ýeňijilere garşydaşlaryndan has öňe saýlanmak bu gezek he başartmady. Duşuşyklaryň üçüsinde-de ýekeje pökginiň artykmaçlygy toparlara ýeňiş getirdi.

Utuklar: «Ahal» 4/12, «Şagadam» 4/7, «Köpetdag» 4/6, «Energetik» 4/6, «Nebitçi» 5/6, «Altyn asyr» 2/4, «Merw» 4/3, «Aşgabat» 5/3.

27 golçy: Şu tapgyrda iki futbolçy möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler. Şeýlelikde, Ýokary liganyň 27-nji möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 27-ä çykdy.

3 duşuşykda 5 gol: Tapgyryň 3 duşuşygy 5 gol bilen tamamlandy. Elbetde, «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygy heniz ätiýaçda.

5 tapgyrda 37 gol: Möwsümiň yzda galan 5 tapgyrynda derwezelere 37 pökgi geçirildi.

Täk tapgyrlarda jübüt döredi: Henize çenli möwsümde bäş futbolçy bir duşuşykda iki gezek tapawutlanyp bildi. Täsin şol pökgüleriň ählisini täk sanly tapgyrlarda geçirildi. Has takygy, 1-nji tapgyrda üç, 3-nji we 5-nji tapgyrlaryň hersinde bir futbolçy iki gezek tapawutlandy.

 “Şagadam” – “Ahal” – 0:1

Gol: 57 Didar Durdyýew (“Ahal”)

5 tapgyrdan soň 5 utuk tapawudy: Tapgyrda ýaryş tertibinde ikinji orunda barýan «Şagadamy» ýeňip, utugyny 12-ä çykaran «Ahal» 5-nji tapgyrdan soň, iň ýakyn bäsdeşinden 5 utuk öňe saýlandy.

10 utukdan geçen ilkinji topar: «Ahal» şu möwsümde 10 utuklyk sepgitden geçen ilkinji topar boldy.

Bäsdeşlerinden iki esse öňde: «Ahal» möwsümde dördünji ýeňşini gazandy. AFK-nyň duşuşyklaryna gatnaşýandygy sebäpli, täze möwsümde diň iki oýun geçiren «Altyn asyry» hasaba almazdan, «Ahalyň» beýleki garşydaşlarynyň ählisinden diňe ýeňişleriň sany boýunça-da iki esse ýokary netije görkezendigini nygtamak gerek. Ýokary liganyň dört toparynda iki, galan üç toparynda bir ýeňiş bar.

Ilkinji gezek ýeňildi: «Şagadam» şu möwsümde ilkinji gezek ýeňildi. Indi Ýokary ligada diňe «Ahal» bilen «Altyn asyrda» utulyş ýok.

Didar Durdyýew birinji orna dalaşgär: Möwsümdäki üçünji pökgüsini geçiren Didar Durdyýew «Altyn asyrdan» Myrat Ýagşyýew bilen bilelikde häzir iň netijeli futbolçylaryň bäsleşiginde birinji orunda.

 “Köpetdag” – “Aşgabat” – 2:1

Gollar: 41, 65 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”) – 86 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Ikisi-de ilkinji gezek: Şu duşuşykda tapawutlanan futbolçylaryň ikisi hem şu möwsümdäki ilkinji pökgülerini geçirdiler.

Ýokary ligada ilkinji gol: Şatlyk Gurbanow şu tapgyrda Ýokary ligadaky ilkinji pökgüsini geçirdi. Şeýlelikde, 2012-nji ýyldan bäri (biziň hasaplamalary ýöredip gelýän ýylymyzdan bäri) Ýokary ligada tapawutlanan futbolçylaryň sany 270-e tegelendi.

“Energetik” – “Nebitçi” ― 1:0

Gol: 63 Pirmyrat Gazakow (“Energetik”)

«Energetik» 50-nji ýeňşini gazandy: Ýokary ligada 2015-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri çykyş edýän «Energetik» dört möwsümde 50-nji ýeňşini gazandy. Şol ýeňişleriň 5-si 2015-nji, 20-si 2016-njy, 11-si 2017-nji, 12-si 2018-nji galan ikisi bolsa şu ýyla degişli. «Energetik» Ýokary liganyň taryhynda iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň arasynda 13-nji orunda. 12-nji orundaky «Büzmeýniň» yzyndan ýetmek üçin «energetiklere» ýene 17 ýeňiş gerek.

«Merw» ― «Altyn asyr» (28-nji maýa geçirildi)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar