Arhiw

Aziýa futboly - 2018-nji ýyl

0
2160

Ýazkynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasy öz resmi saýtynda yklym futbolynyň 2018-nji ýyldaky esasy wakalaryna bagyşlanan makalany ýerleşdirdi. Makalada “Altyn asyryň” AFK-nyň kubogynyň finalyna çenli baryp ýetmegi hem görkezilýär. Aziýa kubogy - 2019-yň bosgasynda okyjylarymyz üçin gyzykly bolar diýen umyt bilen, agzalýan makala esaslanyp, 2018-nji ýylda Aziýa yklymynda futbol bilen bagly esasy wakalara ünsüňizi çekýäris.

Ýanwar

- Özbegistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Hytaýda geçirilen Aziýa çempionatynda çempion boldy. Röwşen Haýdarowyň şägirtleri finalda Wýetnamyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

 

Fewral

- Taýwanda geçirilen Futzal boýunça 12-nji Aziýa çempionaty Eýranyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

 

Mart

- Malaýziýanyň “Rohingýa” türgenleşik merkezi AFK-nyň rugsat bermegi bilen işçiler üçin ýörite futbol ýaryşyny geçirdi.

- Aziýa kubogy - 2019-yň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. Şeýlelikde, Filippinleriň we Ýemeniň milli ýygyndylarynyň taryhda ilkinji gezek yklym ýaryşyna gatnaşjakdygy takyklaşdy.

 

Aprel

- AFK-nyň prezidenti Şeýh Salmon bin Ibrohim Al halifa Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen sport dabarasyna myhman boldy.

- Ýaponiýanyň zenanlar ýygyndysy Iordaniýada geçirilen Aziýa kubogyny ýeňiş bilen tamamlady. Ýaryşa “Günüň dogýan ýurdundan” gatnaşan zenan futbolçylar finalda Awstraliýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdiler.

 

Maý

- 4-nji maýda Dubaýdaky “Armani” myhmanhanasynda Aziýa kubogy - 2019-yň bije çekilşik dabarasy geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň “F” toparçada Ýaponiýanyň, Özbegistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen ýaryşjakdygy belli boldy.

- Bije çekilşikden soň ýaryşyň kubogy we resmi pökgi köpçülige görkezildi.

- Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty geçirildi. Ol finalda Ýaponiýanyň ýygyndysyny 5:2 hasabynda ýeňen eýranly futzalçylaryň çempionlygy bilen tamamlandy.

- AFK-a agza döwletleriň 41-sinde çagalar futbolyny ösdürmek boýunça dürli çäreleriň başy başlandy.

 

Iýun

- Dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek Aziýadan 15 emin dünýäniň iň güýçli ýygyndysyny saýlamaga gatnaşdy.

- Dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek bir çempionata Aziýadan bäş ýygyndysy gatnaşdy. Russiýada biziň yklymymyz Awstraliýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Eýranyň we Saud Arabystanynyň ýygyndysyna janköýerlik etdi.

 

Iýul

- Dünýä çempionatynda Ýaponiýanyň ýygyndysy toparçadan çykmaga hukuk gazandy. Ýapon futbolçylary 1/8 finalda Belgiýanyň ýygyndysyndan 2:3 hasabynda ýeňlip, çempionat bilen hoşlaşdylar.

 

Awgust

- Yklymyň klublaýyn futzal çempionaty Eýranyň “Mes Sungun” toparynyň çempionlygy bilen tamamlandy.

- Fransiýada futbol boýunça 20 ýaşa çenli zenanlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Ýaponiýanyň ýygyndysy çempion boldy.

- Ýaponiýanyň zenanlar ýygyndysy bolsa Aziýa oýunlaryny çempionlyk bilen tamamlady.

 

Sentýabr

- Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy Aziýa oýunlarynyň finalynda Ýaponiýadan 2:1 hasabynda üstün çykyp, altyn medal gazandy.

- Malaýziýada 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen yklym çempionda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna ýapon futbolçylary çykdy.

 

Oktýabr

- FIFA-nyň prezidenti Žanni Infantino Malaýziýa gelip, AFK-nyň täze edara binasy bilen tanyşdy.

- 19 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty Saud Arabystanynyň ýaşlarynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Olar finalda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdiler.

- Türkmenistanyň “Altyn asyr” hem-de Yragyň “Eýr Fors” toparlarynyň arasynda geçirilen AFK-nyň kubogynyň final duşuşygy yrakly futbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

 

Noýabr

- Ýaponiýanyň “Kaşima Antlers” kluby öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň çempionlar ligasynda çempion boldy. Klub finalda “Persepolisi” ýeňdi.

- Omanyň paýtagty Maskat şäherinde AFK ýylyň iň gowularyny sylaglamak dabarasyny geçirdi.

 

Dekabr

- Klublaryň arasynda dünýä çempionatynda “Al Aýn” garaşylmadyk netije görkezdi. Topar taryhda ilkinji gezek bu ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar