2019-njy ýylda bolup biljek esasy futbol wakalary

0
2661

Bu çaklama-makalada Konteniň “Mançester Ýunaýetiň” başyna geçip biljegi ýa-da Messiniň 6-njy gezek “Ballon d’Ory” gazanmagy başarjakdygy ýaly birtopar mümkin bolup biläýjek çaklamalar ýerleşdirilýär. Özi-de bu wakalaryň ählisine 2019-njy ýylda garaşylýar. Biz “goal.com” saýtynda ýerleşdirilen makalany okyjylarymyz bilen hem paýlaşmagy müwessa bildik.

Aslynda, Aziýa kubogy bilen başlanjak 2019-njy ýylda Dünýä kubogy ýa Ýewropa kubogy ýaly millionlary baglap biljek ýaryşlar bolmasa-da, bu ýylyň hem futbol şowhuny özüne ýetik bolar. Öňde “Kopa Amerika”, Zenanlaryň arasyndaky dünýä kubogy, Afrika Milletler kubogy ýaly birtopar iri halkara ýaryş bar. Biziň sanawymyz şular we ýylyň wakasyna öwrülip biljek başga-da käbir aýratynlyklar barada bolar.

 

1. “Ýuwentus” Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanyp biler

Näme üçin bolmasyn?! “Real” Madrid ozalky güýjünde däl. “Barselonada” Messi bilen beýleki futbolçylaryň arasyndaky hil tapawudy köre hasa. “Bawariýa” - geçiş döwründe, fiziki taýýarlyk heniz doly kämil däl. “Mançester Siti” bolsa öz aýagyna çolaşyp ýör.

Diýmek, Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň kubogy Italiýanyň Turin şäherine gidip biler. Topara dünýä ýyldyzy Kriştianu Ronaldonyň hem goşulmagy bilen, uly ynam gazanan we barha parlaýan “Ýuwentus” 1996-njy ýyldan soňra şu ýyl muzeýine ilkinji Ýewropa kubogyny eltmäge juda ýakyn.

 

2. Mourinýo “Real” Madride gaýdyp gelip biler

“Real” Madrid ýaly uly klublarda şertnamalaryň geljegi hemişe dumanly. Klubyň oýny ýolbaşçylaryň we janköýerlerleriň isleýşi ýaly bolmadymy, dört-bäş ýyllyk şertnama baglaşan tälimçi hem goşhaltasyny arkasyna daňybermeli bolar. Özi gitmese-de, gidirerler. Santiago Solari karollyk kluby bilen öz işine nähili şowly başlan hem bolsa, möwsüm tamamlanansoň, “Realda” galmak oňa kyn bolsa gerek.

Ýakynda “Mançester Ýunaýteddäki” wezipesinden boşadylan Žoze Mourinýo indiki möwsümde “Reala” gelmäge iň ýakyn görünýän tälimçi. Üstesine-de karollyk klubyň prezidenti Florentino Pereziň hem Mourinýo bilen jyny oňat jyňkyryşýar.

 

3. Antonio Konte “Mançester Ýunaýdetiň” baş tälimçisi bolup biler

Belki-de, Mançester kluby Maurisio Poçettinony “Tottenhamdan” almak  üçin, iň soňuna çenli synanşar. Eger bu başartmasa-da, wagtlaýyn tälimçi Sulşeriň ornuna kimdir biri hökman geler.

Dalaşgärleriň arasyndan Premýer Liga özüni has ýakyndan ykrar etdiren tälimçi hökmünde Antonio Konte öňe çykýar. Üstesine, ol garşydaşyň peýdasyna dowam edýän duşuşygyň arakesmesinde, toparyny “jadylamaga-da”, ýagdaýy öz toparynyň haýryna üýtgetmäge-de ussat.

Kontede basyşy güýçli oýunlarda ýeňiş gazanmagyň syryny bilýän tälimçi. Diýmek, “gyzyl şeýtanlar” gözleýän dermanyny italiýan tälimçiden tapyp bilerler.

 

4. ABŞ-nyň ýygyndysy zenanlaryň arasynda dünýä çempiony bolup biler

2015-nji ýyldaky çempionatyň iň güýçli ýygyndysy ýene-de Kubogyň iň güýçli dalaşgärleri. Iň bolmanda, hünärmenleriň pikirine görä şeýle. Üstesine-de, ozalky çempionlygyň howasy amerikaly zenanlara ruhy ganat bolar.

ABŞ Germaniýa, Norwegiýa we Ýaponiýa bilen birlikde bu Kubogy gazanan dört döwletiň biri. Belki-de, olar bäşinji “kubokçynyň” orta çykmagy üçin göreşerler.

Dogry, 2015-de dünýä kubogyny gazanan amerikan futbolçy zenanlarynyň käbiri häzir maşgalasy bilen başagaý. Olar indi futbol oýnanok, ýöne olaryň galdyran mirasy ABŞ üçin ýene bir kubogy gazanmaga ýeterlik. Çünki ýurduň zenanlar ýygyndysynyň häzirki düzümi hem islendik garşydaşy ýaýdandyryp biljek derejede güýçli.

 

5. Angliýada iňlis tälimçileriň döwri tamamlanyp biler

Belki, indiki möwsümiň başynda Angliýanyň Premýer Ligasynda ýerli tälimçileriň sany iň az derejä gelip ýa-da olar düýbünden bolman hem biler. Sin Diç geçen möwsümi çempionatyň ýedinji basgançagynda tamamlandygyna garamazdan, bu ýyl “Býörnli” bilen aşaky liga düşmezlik üçin göreşýär. Başynda Nil Wernok duran “Kardif Sitiniň” hem Premýer Liga diňe barmaklary ilip dur.

Angliýanyň milli ýygyndysynyň rowaýaty tälimçileriniň biri Roý Hojsonyň “Kristal Palasdaky” ykbaly hem heniz näbelli. Bir başarjaň tälimçi Eddi How (“Bornmut”). Ýöne daşary ýurt läheňleriniň ýolbaşçylary eýýämden bu tälimçini öz toparyna getirmegiň aladasy bilen ýatyp-turýarlar.

 

6. PSŽ-niň ýyldyzlarynyň şöhlesi sönüp biler

UEFA-nyň tranferdäki “sahylygy” üçin PSŽ-de barlag işlerini geçirip ýörenliginden habaryňyz bardyr. 2017-nji ýylda Neýmar hem-de Mbappe bilen futbol dünýäsiniň täsinligine öwrülen klub arap sermaýasy bilen rekord yzyna rekord goýdy. Emma şondan soň PSŽ käbir ýyldyzlary bilen hoşlaşmaga mejbur bolýar. Ýok, pul ýetmezçiliginden däl. Tranfere aşa köp harçlanan maýanyň öwezini dolmak, UEFA-dan nähilidir bir jeza almazlyk üçin. Işler bu gidişine gitse, 2019-yň dowamynda Neýmar bilen Mbappeniň hem, iň bolmanda haýsydyr biriniň, Parižden gaýtmagy mümkin.

 

7. Messi ýene “Ballon D’Or” gazanyp biler

Ýewropanyň Çempionlar ligasyndaky, soňra Dünýä kubogyndaky başarnygy bilen 10 ýyl arakesmeden soňra, Ronaldo bilen Messini bir gyrada galdyryp, ýylyň iň gowy futbolçysy bolan Luka Modriç 2018-nji ýylda kubok baryny ýygnap bildi. 2019-njy bolsa ne Ýewropa kubogy bar, ne-de Dünýä kubogy. Diýmek, ähli üns ýene-de klublardaky başarnyklarda jemlener.

Elindäki şikes sebäpli, uzak wagtlap ýaşyl meýdana dönüp bilmedik argentinaly ýyldyz Lionel Messi, ot, alaw bolup gaýdyp geldi. Oll eýýämden hemişekisinden has köp hereket edýär, pökgi yzyna pökgi geçirýär.

Eger 2019-njy ýylda “Barselona” nähilidir bir uly kubok gazanyp bilse, Lionel Messi altynjy altyn topuna gowşup biler.

 

8. Angliýa UEFA-nyň Milletler ligasynyň çempiony bolup biler

Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän UEFA Milletler ligasynyň ilkinji çempiony, belki-de, Angliýanyň ýygyndysy bolup biler. Toparçalardaky duşuşyklara nazar aýlasag-a, ne Germaniýa, ne Fransiýa, ne Ispaniýa, Ne-de Italiýa iňlisler ýaly bolup bildi. Dogry, gowy oýny orta goýan ýygyndylaryň arasynda Gollandiýany hem, Portugaliýany hem, Şweýsariýany hem goşmak gerek.

2018-nji ýyldaky Dünýä kubogynda ýarym finala çenli baryp bilen Angliýanyň ýygyndysy Sterling, Keýn ýaly ýyldyzlary bilen bir hatarda Jeýdon Sanço ýaly täze uçgunlar bilen çempionlyga barha ýakynlaşýar.

 

9. Braziliýa we Neýmar hormat münberiniň depesine çykyp biler

Kopa Amerika bu ýyl Braziliýada geçiriler. Ýurduň milli ýygyndysynyň ýyldyz futbolçysy Neýmar eýýämden kubok üçin umytly.

2014-nji ýyldaky Dünýä kubogynyň ýarym finalynda Germaniýadan uly hasap bilen brazil futbolçylary 2016-daky Olimpiýa oýunlarynda düýbünden başgaçady. Olar Olimpiýa medalyny öz ýurdundan alyp galmagy ussatlyk bilen başardylar. Öňde - Kopa Amerika. Braziliýanyň ýygyndysyna Günorta Amerikanyň iň gowy toparydygyny subut etmäge mümkinçilik.

 

10. Klop “Liwerpulyň” gözüni ýolda goýan çempionlygy getirip biler

Ýurgen Klop “Liwerpuly” söz berlen belentlige getirip bilermi? “Liwerpul” iň soňky gezek 1990-njy ýylda Angliýanyň çempiony bolupdy.

Bu ýyl “Liwerpula” Angliýanyň iň güýçli topary bolmak üçin iň amatly ýyl bolup biler. Çempionatyň birinji ýarymynda-ha, “Liwerpul” öz derwezesinde bary-ýogy 8 gol gördi.

Eger “Liwerpul” 3-nji ýanwarda “Mançester Sitini” ýeňip bilse, toparyň çempionlygynyň 50 göterimi elinde diýmekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar