Soňky habarlar

Arhiw

Tölegsiz antiwiruslar barada

0
18910

Käte öýdäki kompýuterlerimize antiwirus gurnamak zerurlygy ýüze çykýar. Öý kompýuterleri üçin antiwirus satyn almaklyk käbir adamlara artykmaç çykdajy hem bolmagy mümkin.

“Türkmenportal” birnäçe meşhur, tölegsiz antiwiruslaryň sanawyny taýýarlady. Olary internetden mugt we ygtyýarnamasyz alyp gurnap bolar.

Tölegsiz antiwiruslar barada gürrüň etmegimizden ozal, şu adalgalary bilmegiňiz maksadalaýyk bolar.

Kompýuter wirusy – kompýuterler, dürli tehniki enjamlar we torlaryň dürli görnüşde işjeňligini ýatyrmak, maglumatlary ogurlamak ýa-da pozmak ýaly herdürli zyýanly programmalara berilýän umumy at.

Antiwirus – kompýuterleriň, tehniki enjamlaryň we torlaryň wiruslara garşy goragyny üpjün edýän programma üpjünçiligi.

Faýerwol (Firewall) – fiziki ýa-da programma (wirtual) derejesinde bolup, kompýuterlerde, tehniki enjamlarda we torlarda goragy üpjün etmek üçin traffikleri, portlary, programmalary ýaly häsiýetnamalary filtrleýär.

Fişing (Phishing) – internet kezzaplylygyň we wirusyň bir görnüşi bolup, maksady ulanyjynyň kompýuterindäki şahsy maglumatlaryna (resminamalar, açarsözleri, aýlyk kart maglumatlary we ş.m.) elýeterliligi açmaklyk. Fişingler köplenç elektron poçtalary arkaly gelýär, ulanyja nätanyş ýerden hat ugradylyp, nätanyş web salga geçmeklik haýyş edilýär. Netijede, nätanyş web salgysy arkaly wirus ulanyjynyň kompýuterine geçýär.

Rutkit (Rootkit) – ulanyjynyň kompýuterinde gizlin amallary ýerine ýetirýän programmalar toplumy (kompýuteri dolandyrmak, dürli kodlar we skriptler).

Bulut – internet ýa-da içki tor arkaly elýeter bolup, belli bir ýerde, belli bir torda ýerleşen özara baglanyşykly programmalaryň toplumlaryna berilýän at.

Çäge – programmalary işletmek üçin kompýuterleriň we torlaryň daşynda, ýagny wirtual görnüşde aýratyn gurşaw hökmünde bölünip berlen ýer.

 

1.AVG AntiVirus Free

Meşhur, ýönekeý we düşünikli interfeýsli (“interfeýs” - daş keşbi, dolandyrmak paneli, penjireleri) bar. Ulgamyň operatiw ýadynda kän ýer tutmaýar. Funksiýalarynda faýllary howpsuz ýagdaýda pozmak, web-reputasiýa ulgamy we yzarlamagy blokirlemek ýaly mümkinçilkleri bar.

Amatly taraplary: ýönekeý interfeýs, gowy antiwirus skaneri.

Amatsyz taraplary: fişingden goramagy pes.

 

2. Avira Free Security Suite

“Se Labs” laboratoriýasynyň beren bahasy boýunça örän meşhur hasaplanýar. Wiruslara garşy goramakdan daşary, bulutlary (cloud) skanirlemek mümkinçiligi hem bar.

Amatly taraplary: antiwirus skaneri, faýerwol we fişingden goramak.

Amatsyz taraplary: interfeýsi düşnüksiz we kyn.

 

3. Bitdefender Antivirus Free Edition

Meşhur “Bitdefender” antiwirusynyň mugt görnüşi. “AV-Comparatives”-iň çykaran netijesi boýunça “2017-nji ýylyň iň gowy önümi” adyny eýeledi.

Amatly taraplary: wiruslary tiz tapmak we olara garşy güýçli goragy üpjün etmek, fişingden goramak, ýönekeý interfeýs, ulgamda artykmaç ýat eýelemeýär.

Amatsyz taraplary: tölegli görnüşinden tapawutlylykda, käbir sazlamalary çäklendirilen.

 

4. Comodo Internet Security

Antiwirus goragyny üpjün etmek bilen, antirutkit, faýerwol, çäge, bulutlary skanirlemek ýaly mümkinçilikleri özünde jemleýär. «Игровой режим» (“oýun oýnamak” tertibi) saýlanylsa, antiwirusyň duýduryşlary wagtlaýyn öçýär we ulanyjyny bimaza etmeýär.

Amatly taraplary: uly mümkinçilikleri bar (antiwirusyň tölegli görnüşisindäki ýaly).

Amatsyz taraplary: kompaniýanyň beýleki önümleriniň mahabatlandyrylmagy.

 

5. Avast Free Antivirus

Häzirki günde bu antiwirusdan 400 million ulanyjy peýdalanýar. Açarsözleri dolandyrmak mümkinçiligi, web brauzerler üçin goşmaça giňeltmeler we “oýun tertibi” funksiýasy ýaly sazlamalary hem özünde jemleýär. Şeýle hem, antiwirusda ýüklenme disklerini döredip bolýar we “Wi-Fi” torlaryny barladyp, olara baha berip bolýar.

Amatly taraplary: peýdaly funksiýalary, wiruslardan gowy goramak, çäge, bulutlary skanirlemek, rutkit we fişinglerden goramak.

Amatsyz taraplary: tölegli görnüşine geçmek boýunça yzygider teklipler.

 

6. Kaspersky Free

Dürli reýtinglerde ýokary derejeleri gazanan Russiýanyň önümi. Adaty “Kaspersy” antiwirusyň tölegsiz görnüşi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda munda köp funksiýalar çäklendirilen.

Amatly taraplary: güýçli antiwirus skaneri, ýönekeý interfeýs, tor goragy, fişingden goramak.

Amatsyz taraplary: haýal skanirlemek, operatiw ýatda köp ýer tutýar.

 

7. 360 Total Security

Hytaýyň önümi bolup durýar. Skaner, çäge we “Wi-Fi” torlary barlamak mümkinçilikleri bar.

Amatly taraplary: gorag sazlamalyryny düzmek aňsat.

Amatsyz taraplary: käbir zerur bolmadyk “Optimizasiýa” we “Arassalamak” ýaly funksiýalary.

 

8. ESET NOD32

Sebitimizde iň meşhur, iň kän ulanylýan antiwiruslaryň biri diýsek ýalňyşmarys. Wiruslara garşy goragy, toruň goragy, faýerwol ýaly mümkinçilikleri bar. Tölegli görnüşinden tapawutlylykda, muny wagtlaýyň ygtyýarnamalar (açarlar) arkaly ulanyp bolýar.

Amatly taraplary: ýeňil we tiz işleýär, interfeýsi düşünikli, goragy güýçli.

Amatsyz taraplary: käbir funksiýalary töleglä görä çäklendirilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar