Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2018: 21-nji tapgyryň «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1375

«Merw» ― «Altyn asyr» 0:1

Gol: Begmyrat Baýow 25 (11 m.j.u.)

Çempionlyk umydy güýçlenýär: 22 duşuşykdan 48 utuk toplan «Altyn asyr» indi ýaryşyň kerwenbaşysy «Ahaldan» bary-ýogy 2 utuk yzda. Üstesine-de «Ahal» 23 oýun geçirdi. Mundan soň iki topara-da çempionlyk äçin diňe utuş gerek.

Möwsümdäki ilkinji ýeňiş: «Altyn asyr» şu möwsümde «Merwi» ilkinji gezek ýeňdi. Iki toparyň arasynda birinji aýlawdaky duşuşyk 0:0, ikinji aýlawda 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Indi toparlar biri-biri bilen, möwsümiň jemleýji tapgyrynda ― 28-nji tapgyrda duşuşarlar.

Ýeňişli deňlik: Şeýlelikde, möwsämdäki ýeňişleriniň sanyny 15-e çykaran «Altyn asyr» gazanan ýeňişleriniň sany boýunça «Ahal» bilen deňleşdi.

Gollarda-da deňlik bar: Täsin tarapy, şu duşuşykdan soň, çempionlygyň iki dalagäri «Ahal» bilen «Altyn asyryň» garşydaş toparlara geçiren gollarynyň sany hem deňleşdi. Indi iki toparda hem Ýokary liganyň şu möwsüminde 42 gol bar.

Baýow bombardirleriň 10-lugynda: Ýokary liganyň şu möwsüminde 4-nji goluny geçiren Begmyrat Baýow möwümiň bombardirleriniň sanwynda ilkinji 10-lyga girdi.

Tapgyrda 6 gol: Tapgyryň soňky duşuşygynda ýekeje goluň geçirilmeginden soňra, Ýokary liganyň 21-nji tapgyry 6 gol bilen tamamlandy. Umumy çempionat boýunça geçirilen gollaryň sany bolsa 213-e çykdy.

1:0-uň tapgyry: Tapgyrda ozal hem iki duşuşyk şu hasap bilen tamamlanypdy. Has takygy, «Aşgabat» «Şagadamy», «Energetik» bolsa «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňipdi. Bir tapawutly tarapy, ol duşuşyklarda ýer eýeleri ýeňiş gazanan bolsa, bu gezek ýeňiş myhmanlaryň tarapynda boldy.

Ýeňijileriň 1 artykmaçlygy: Diýjek bolýanymyz, tapgyrda ýeňiş gazanan toparlaryň ählisi hem diňe bir pökgi artykmaçlygy bilen ýeňdiler. Tapgyrdaky «Nebitçi» ― «Köpetdag» duşuşygy hem 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamalnypdy.

Öňdebaryjylaryň Mara syýahaty: Ýene bir täsinlik, 21-nji tapgyrda çempionlygyň iki dalaşgäriniň hem duşuşyklaryny Maryda geçirenligidir. Ýöne «Ahal» «Energetikden» ýeňlen bolsa, «Altyn asyr» «Merwi» bir pökgi bilen ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar