Kämiller. Ussatlar. Beýikler. Biri-biri bilen utgaşýan bu aňlatmalaryň aňyrsynda hakydadyr ýüreklere dahylly duýgy-düşünjeler ýatyr. Kalp töründen ebedilik orun edinen nusgalyk ömürlerden söz açylanda, ýa olaryň suratlaryna syn edilende, ses ýazgylaryna diň salnanda—olaryň atlaryny eşitmek ýeterlik. Hünärini ykbalyna öwrüp, halal hyzmatyny il-gününe gysganman eçilen, halk şahsyýetleri derejesini gazanan kämilleriň adynyň yzyna dereje tirkegi derkaram däl. Pylany Pylanyýew ýa Pylanyýewa diýen ikije sözde giden many, dereje-sylag, buýsanç-mertebe... jemlenýär.
Medeniýet Şahberdiýewa Myrat Sadykow Daňatar Öwezow,
Wladimir Sapegin
Halkyny, ýurduny hünärinde jemlenen hyzmatlary arkaly beýgelden ägirtleriň zehin peşgeşiniň miwelerini nesiller aýap-apalap, gönezlik hökmünde ulanýar. Nusgalyk mekdeplerini, ukyp-başarnyk, döredijilik aýratynlyklaryny teşnelik bilen öwrenýär.
Weli Muhadow Annageldi Jülgäýew Yzzat Gylyjow
Türkmen milli medeniýetini, sungatyny, ylmyny-bilimini ötgür zehini bilen has ýitelden, paýhas gory bilen has ýagtyldan läheňleriň suratlaryna gazet sahypasynda hormat bilen orun bermekden maksadymyz—hatyraly halypalara buýsanjymyzy-hoşallygymyzy ýene bir ýola bildirmek isledik.
Yslam Babaýew Alikper Güseýnow Kaýum Taňrygulyýew
Beýik şahsyýetleri sarpalamaga wagt tapyp, bu möhüm pişäni zerurlyga öwren ýene bir ussat—belli opera we estrada aýdymçysy, takykragy, bir ömre ençe hünäri ýar eden, olardan allanäme baş çykarýan Myrat Diwanaýewiň şahsy diwanyndaky gymmatly suratlardan käbirini okyjylara ýetirmegi derwaýys hasapladyk. Müňlerçe sözüň deregini tutup, «dür saçýan» şekilleri synladygyňça, ykbal sahypalarynyň nämälim gatlary açylyp barýana dönýär. Döwürleriň ruhy siňen şekillerdäki nurana keşplerde pespällik bilen paýhasyň şowly sazlaşygy-da mese-mälim duýlup dur. «Miweli bagyň başy aşak» diýmänmidir köneler?!
Ussatlar bilen duşuşyklardaky, baýramçylyk dabaralaryndaky ýa-da öý şertlerindäki pursatlary şekile siňdirip, olary şahsy diwanynda gözüniň göreji deý aýap saklaýan Myrat Diwanaýewe «Halal Size, ussat!» diýip, ýürekden syzdyryp aýdýarys.
Parahat Çerkezowa.