Soňky habarlar

Arhiw

Web saýty nähili ýasamaly?

0
8202

Geçen makalamyzda web saýtyň işleýiş çyzgysy, ulanyş maksady we ony taýýarlamak boýunça ädimleri barada gürrüň edipdik. Bu makalamyzda şol ädimler barada içgin ýazarys.

Belläp geçişimiz ýaly, web saýty iki usulda döredip bolýar: web saýty taýýarlaýan ýörite edara-kärhanalara sargyt etmek arkaly ýa-da özüňiz taýýarlamak.

Web saýty özüňiz döretjek bolsaňyz şu ädimleri ýerine ýetirmeli:

1. Ilki bilen web saýty taýýarlamaly, ýagny ýasamaly

Belläp geçişimiz ýaly, web saýty dürli programmirleme dillerinde taýýarlap bolýar. Emma, programmirleme dillerini ulanyp, web saýty başdan taýýarlajak bolsaňyz örän köp wagtyňyzy alar we biraz kyn düşer. Häzirki wagtda bu usuly ulanýanlar az bolsa gerek.

Web saýt taýýarlamak boýunça iň gowy maslahatlaryň biri – CMS ulanmak. CMS (Content Management System) – web saýt taýýarlamak boýunça taýyn nusgalar (шаблон) ulgamy. CMS - programma üpjünçiligi görnüşinde bolup, ony kompýuterlere gurnap we onda işläp bolýar. CMS-de web saýtyň taýýar nusgalary bolýar, şol taýýar nusgalaryň esasynda web saýty döredip bolýar. CMS-de eýýäm ähli zat ýasalgy bolýar, siz üstünde biraz işläp, saýtyň bezegini we mazmunyny üýtgetmegiňiz ýetik. CMS-iň amatly taraplarynyň ýene-de biri – ony hem programmistler, hem adaty kompýuter ulanyjylary hem aňsatlyk bilen öwrenip bilýärler. Bular barada internetde edebiýatlar kän. CMS-lere mysal: Joomla!, Wordpress, Drupal, we ş.m.

2. Web saýt üçin internetden hosting satyn almaly

Web saýtyňyzy taýýarlanyňyzdan soň, onuň ýerleşjek ýerini, ýagny hostingi satyn almaly bolarsyňyz. Hosting adatça bir ýyldan başlap, on ýyla çenli satyn alynýar. Hostingiň bahalary onuň göwrümi, akym tizligi, ygtybarlylygy ýaly häsiýetnamalaryna görä üýtgäp biler. Hosting hyzmatlaryny berýän edaralar barada internetden öwrenip bilersiňiz.

3. Internetden web saýt üçin domen adyny satyn almaly (web saýtyň adyny)

Indiki ädimde web saýtyňyz üçin domen adyny satyn almaly bolarsyňyz. Domen adyny haýsy zolakdan almakçy bolsaňyz, şol zolakdan ilki domen adyny gözledip, boşmy ýa-da biri tarapyndan eýýäm satyn alnanmy barlap görmeli. Eger boş bolsa ony satyn almak bolar. Domen ady nähili satyn alynýandygy barada internetde gözükdirmeler kän.

4. Hosting bilen domen adyny özara baglamaly

Web saýtyňyz üçin hosting satyn alanyňyzdan soňra, hostingiňiziň dns serweriniň ip salgysyny (name server ip address)  domen adyňyzyň häsiýetnamasynda görkezmeli. Bu näme diýmegi aňladýar? Meselem, www.turkmenportal.com web saýty açylanda, ýagny şol domen adyna ýüzlenilende, saýtyň mazmunyny açmak üçin, domen ady web saýtyň duran hostinginiň IP salgysyna ýüzlenýär, netijede domen at bilen hosting özara baglanyşýar.

Bellik: 4-nji ädimi 5-nji ädimden soň hem ýerine ýetirmek bolýar.

5. Saýty, ýagny saýtyň faýllaryny hostinge geçirmeli

Hosting bilen domeni özara baglanyňyzdan soň, işiňiziň 95%-i tamamlanýar. Indi bolsa, web saýtyň faýllaryny, ýagny web saýty emele getirýän faýllary hostinge geçirmeli. Faýllary hostingiň özünden hem görkezip (browse), kompýuterden ýüklap bolýar, şeýle-de FTP arkaly we beýleki usullar bilen hem geçirip bolýar. FTP (File Transfer Protocol) – faýllary ýokary tizlikde geçirmek üçin niýetlenen ýörite protokol. Bu protokol, ýagny bu port arkaly faýllar tiz geçýär. FTP protokoly boýunça işleýän ýörite programma üpjünçilikleri hem bar.   

6. Saýtyňyz taýýar!

Netijede, ähli ädimleri üstünlikli ýerine ýetireniňizden soňra web saýtyňyz taýyn bolýar.

Ýokarda agzalan ädimlerdäki käbir hyzmatlary satyn almazdan hem barlap bolýandygyny nygtap geçesimiz gelýär. Muňa mysal edip, internetde wagtlaýyn, testirlemek maksatly, mugt ikinji we üçünji derejeli domen atlaryny, mugt hostingleri hem alyp bolýandygyny dykgatyňyza ýetirýäris. Bular barada internetde müňlerçe onlaýn sapaklar hem bar. Şeýlelikde, tejribeler arkaly web saýty özüňiz hem taýýarlap bilersiňiz.

Web saýty taýýarlaýan ýörite edara-kärhanalara sargyt etmek:

Web saýt taýýarlamagyň beýleki usuly bolsa, ony taýýarlaýan edara-kärhanalara sargyt etmek. Web saýt taýýarlamak boýunça ençeme edara-kärhanalar hyzmatlaryny hödürleýär, olaryň her biri öz ugrundan kämilleşen, bäsdeşlige ukyplydyr.

Web saýt taýýarlamak boýunça “turkmenportal”, ýagny biz hem hyzmatlarymyzy hödürleýändigimize ünsüňizi çekesimiz gelýär. Islendik tarap web saýt taýýarlatmak üçin bize ýüz tutup biler. Hyzmatlarymyz ýokary hilli we elýeter bolup, web saýt ylalaşylan möhletde, başdan soňuna çenli tejribeli hünärmenlerimiz tarapyndan taýýarlanylýar. Doly maglumat şu ýerden alyň bilersiňiz!

Web saýt taýýarlamak boýunça hyzmatlarymyzy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan berlen Ygtyýarnamamyz esasynda ýerine ýetirýäris.

Web saýt taýýarlatmak boýunça biz bilen habarlaşmak üçin:

Tel.: +99363 322950

E-mail: aamaniyazov@turkmenportal.com  

Makalalar toplumymyzyň sanlaryny doly jemlesek, ýönekeý dilde web saýt nähili döredilýändigini gürrüň berdik. Bulardan başga-da, web saýt döretmegiň onlarça, hat-da ýüzlerçe görnüşleri bardyr, olar barada internetde we edebiýatlarda okap bilersiňiz.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar