Soňky habarlar

Arhiw

Hamid Aktamow: “Diňe Artur!”

0
1499

Golaýda “www.uff.uz” saýty tarapyndan Özbegistanyň “Kyzylkum” toparynyň baş tälimçisi Hamid Aktamow bilen ýörite söhbetdeşlik taýýarlanyldy. Onuň dowamynda ildeşimiz Artur Geworkýan hakynda giňişleýin gürrüň edildi:

Artur Geworkýanyň oýny hakynda nähili pikir aýdyp bilersiňiz. “Kyzylkumyň” esasy oýunçysy öz mümkinçiliklerinden pes çykyş etdimi?

-Artur tejribeli, öz işini bilýän ussat futbolçy. Ýene-de aýratyn bellemeli zat, geçen möwsümde ol biziň toparymyza gaty gowy ýardam berdi.

Türkmenistanly legioner bilen şertnamany uzaltmakçy bolýaňyzmy?

-Käbir şertlerimiz boýunça ylalaşyga gelip bilsek, elbetde uzaltmaçy.

Bu meselede onuň özi bilen gürleşdiňizmi?

-Hawa, nesip bolsa täze möwsümde Artur ýene-de “Kyzylkumyň” abraýyny gorar diýip umyt edýärin.

Umuman aýdylanda toparyňyzda çykyş edýän legionerleriňiz tamany ödedimi?

-Diňe Artur!

Galanlarynda ýalňyşdyk, diýip oýlanýaňyzmy?

-Hawa, şeýle diýseňem bolýar.

Merdan Baýadow,

sport synçysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar