Soňky habarlar

Archive news

Ýokary liga — 2017: sanlar we maglumatlar

0
410
Ýokary liga — 2017: sanlar we maglumatlar

Ýaryş tertibi:

1. «Altyn asyr» 32/79

2. «Ahal» 32/72

3. «Şagadam» 32/60

4. «Balkan» 32/47

5. «Aşgabat» 32/45

6. «Energetik» 32/38

7. «Merw» 32/33

8. «Köpetdag» 32/33

9. «Turan» 32/5

 

Ýokary liga 2011-nji ýyldan bäri 4 aýlawly görnüşde geçirilýär. Şondan bärki möwsümleriň diňe ikisinde 9, galan möwsümlerde 10 topar çykyş etdi. 9 toparly möwsümlerde toparlaryň her biri 32 duşuşyk geçirip bilýär. 9 toparly birinji möwsümde — 2012-nji ýylda çempion («Balkan») 73 utuk toplap bilipdi. «Altyn asyr» bolsa bu gezek möwsümi 79 utuk bilen tamamlady.

«Turan» şu ýyl özüniň iň bir pes netijeleriniň birini görkezip, dört aýlawly ulgama geçileninden bäri, ýaryş tertibiniň iň aşaky basgançagyndaky toparlaryň arasynda iň az utuk gazanyp bilen topar boldy.

 

Möwsümde iň kän pökgi geçiren 10 futbolçy:

1. Myrat Ýagşyýew, «Altyn asyr», 28;

2. Wahyt Orazsähedow, «Ahal», 22;

3. Amir Gurbany, «Şagadam», 16;

4. Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr») 14;

5-6. Pirmyrat Gazakow («Aşgabat», «Energetik»), Yhlas Magtymow («Balkan»), 

7. Süleýman Muhadow, «Altyn asyr», «Şagadam», 12;

8. Myrat Annaýew, «Ahal», 11;

9-10. Guwanç Abylow («Energetik»), Hemra Amanmämmedow («Balkan»), 10 gol.

Möwsümde jemi 114 futbolçy tapawutlandy.

Möwsümde derwezelere 417 pökgi geçirildi.

 

2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada iň kän tapawutlanan 10 futbolçy:

1. Süleýman Muhadow, 125;

2. Myrat Ýagşyýew 107;

3. Didar Durdyýew, 90;

4. Hemra Amanmämmedow, 78;

5. Mämmedaly Karadanow, 76;

6. Aleksandr Bolian, 69;

7. Guwanç Abylow, 65;

8. Berdi Şamyradow, 54;

9. Elman Tagaýew, 51;

10. Altymyrat Annadurdyýew, 50 gol.

 

2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada jemi 253 futbolçy tapawutlandy.

Möwsümiň iň kän golly tapgyry 34-nji tapgyr boldy — 21 gol. Iň az golly tapgyr bolan 4-nji tapgyrda derwezelere 5 pökgi geçirildi.

Möwsümde 11 tapgyr 12 gol bilen tamamlandy. Bu gollaryň sany boýunça iň ýokary görkezijidir. Ikinji orny 11 golly tapgyrlar (7 tapgyr), üçünji orny 13 golly tapgyrlar (4 tapgyr) eýeleýär.

Möwsümde garşydaş derwezelere iň kän pökgi geçiren topar «Altyn asyrdyr». «Aragatnaşykçylar» 32 duşuşykda 83 pökgi geçirdiler. Iň az tapawutlanan futbolçylar bolsa «Turanyň» futbolçylary. Olar 32 duşuşykda jemi 12 gezek tapawutlanyp bildiler. Bu sanawda ikinji orny 70 gol bilen «Ahal», üçünji orny 55 gol bilen «Şagadam» eýeleýär.

Möwsümde iň kän pökgi geçirilen duşuşyk 34-nji tapgyrdaky «Turan» — «Şagadam» duşuşygydyr. 9 pökgi geçirilen duşuşykda «kenarlylar» ýer eýelerini 7:2 hasabynda ýeňdiler. 20-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» — «Balkan» (5:2), 24-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» — «Aşgabat» (7:0) duşuşyklary bolsa 7 gol bilen tamamlandy.

24-nji tapgyryň «Altyn asyr» — «Aşgabat» duşuşygy möwsümiň iň kän aratapawut bilen ýeňiş gazanylan oýnudyr. Görşüňiz ýaly, ýeňiji bilen utulan toparyň gollarynyň tapawudy 7 gol. Ikinji orunda 10-njy tapgyrdaky «Köpetdag» — «Ahal» duşuşygy bar. Ýadyňyzda bolsa, bu duşuşykda myhmançylykda çykyş eden «Ahal» 6:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

 

2013-nji ýyldan bäri Ýokary ligada:

«Altyn asyr» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Süleýman Muhadow, 63;

2. Myrat Ýagşyýew, 51;

3. Didar Durdyýew, 41 gol.

«Balkan» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Mämmedaly Karadanow 46 (2010-njy ýyldan bäri);

2. Myrat Ýagşyýew, 40;

3. Mekan Saparow, 32 gol.

«Ahal» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Wahyt Orazsähedow, 33;

2. Didar Hajyýew, 29;

3. Altymyrat Annadurdyýew, Myrat Annaýew, 22 gol.

«Aşgabat» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Elman Tagaýew, 29;

2. Boris Iwanow, 24;

3. Ruslan Kurbanow, Berdi Şamyradow, 21 gol.

«Şagadam» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Aleksandr Bolian, 57 (2010-njy ýyldan bäri);

2. Hemra Amanmämmedow, 35;

3. Mämmedaly Karadanow, 32 gol.

«Merw» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Begenç Alamow, 33;

2. Tirkiş Muhammetberdiýew, 27;

3. Toýly Goçnazarow, 22 gol.

«Turan» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Hamza Allamow, 9;

2. Ibragim Ibragimow 8;

3. Yhlas Pälwanow, Merdan Rejepbaýew, 6 gol.

«Energetik» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Alibek Abdyrahmanow, 15;

2. Tirkiş Muhammetberdiýew, 12;

3. Kerim Hojaberdiýew, Annageldi Weliýew, 11 gol.

«Köpetdag» toparynda iň kän tapawutlanan 3 futbolçy:

1. Öwezbaý Muhammetmyradow, Berdi Hotdyýew, 10;

2. Ýazgylyç Gurbanow, 7;

3. Kerim Hojaberdiýew, 6 gol.

 

Ýokary liga — 2017-de çykyş eden toparlaryň şu ýaryşyň taryhyndaky umumy utuklary:

1. «Balkan», 25 möwsüm = 1453 utuk;

2. «Merw», 25 möwsüm = 1112 utuk;

3. «Şagadam», 22 möwsüm = 997 utuk;

4. «Köpetdag», 16 möwsüm = 826 utuk;

5. «Ahal», 17 möwsüm = 653 utuk;

6. «Turan», 22 möwsüm = 582 utuk;

7. «Aşgabat», 12 möwsüm = 573 utuk;

8. «Altyn asyr», 10 möwsüm = 477 utuk;

9. «Energetik», 3 möwsüm = 130 utuk.

 

Möwsümde diňe bir oýunçy (Myrat Ýagşyýew) poker;

6 oýunçy het-trik;

27 oýunçy dubl etmegi başardy.

 

«Turkmenportalyň» hasaplamalaryna görä:

"Ahal" futbol toparynyň milli çempionatymyzda görkezen umumy netijesi:

Duşuşuklar: 530

Ýeňişler: 193

Deňlikler: 74

Utulyşlar: 259

Pökgüler: 734-938

Utuklar: 653

"Şagadam" futbol toparynyň milli çempionatymyzda görkezen umumy netijesi:

Duşuşuklar: 728

Ýeňişler: 286

Deňlikler: 139

Utulyşlar: 293

Pökgüler: 898-1014

Utuklar: 997

"Balkan" futbol toparynyň milli çempionatymyzda görkezen umumy netijesi:

Duşuşuklar: 757

Ýeňişler: 445

Deňlikler: 118

Utulyşlar: 192

Pökgüler: 1453-740

Utuklar: 1453

"Energetik" futbol toparynyň Ýokary ligada görkezen umumy netijesi:

Duşuşuklar: 103

Ýeňişler: 36

Deňlikler: 22

Utulyşlar: 45

Pökgüler: 126-157

Utuklar: 130

"Aşgabat" futbol toparynyň milli çempionatymyzda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 353

Ýeňişler: 171

Deňlikler: 60

Utulyşlar: 123

Pökgüler: 549-429

Utuklar: 573

"Altyn Asyr" futbol toparynyň milli çempionatymyzda görkezen umumy netijesi:

Duşuşuklar: 248

Ýeňişler: 145

Deňlikler: 42

Utulyşlar: 61

Pökgüler: 468-237

Utuklar: 477

Täzeden dikeldilen "Köpetdag" futbol toparynyň milli çempionatymyzda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 68

Ýeňişler: 20

Deňlikler: 12

Utulyşlar: 36

Pökgüler: 72-118

Utuklar: 72

"Merw" futbol toparynyň milli çempionatymyzda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 748

Ýeňişler: 328

Deňlikler: 128

Utulyşlar: 291

Pökgüler: 1086-1016

Utuklar: 1112

"Turan" futbol toparynyň milli çempionatymyzda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 674

Ýeňişler: 160

Deňlikler: 102

Utulyşlar: 412

Pökgüler: 596-1367

Utuklar: 582

INDIKI MÖWSÜMLERDE DUŞUŞÝANÇAK!!!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş makalalar
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň