Soňky habarlar

Arhiw

RADIO HAKYNDA GYZYKLY MAGLUMATLAR

0
6908

Fransiýanyň paýtagty Parižiň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrülen Eýfel binasyny 1889-njy ýylda geçirilen Bütindünýä sergisi mynasybetli bina edipdirler. Şol wagt ony ýene-de 20 ýyl çemesi wagtdan ýykmagy meýilleşdiripdirler. Emma XX asyryň başlarynda radio ýüze çykypdyr. Tehnologiýanyň täze görnüşiniň fransiýalylara elýeterli bolmagy üçin beýik antennalary gurmaga zerurlyk döräpdir. Şu ýerde hem arhitektorlar Eýfel minarasynyň depesinde radio üçin antennalary gurmak bilen ýagdaýdan çykalga tapyljakdygyny salgy beripdirler. Şeýlelikde, radio sebäpli Eýfel minarasy «halas edilipdir».

***

1940-njy ýylda Beýik Britaniýada futbol oýny dowam edýän mahaly meýdançany duman büräpdir. Bu oýny radio arkaly teswirläp oturan BBC-niň žurnalisti Bob Kingsli hakyky ýagdaýy diňleýjilere duýdurmazdan, oýny özüçe teswirläpdir. Ol diňe janköýerleriň şowhunyna diň salyp, şonuň esasynda oýnuň depginini beýan edipdir. Hatda oýnuň hasabyny hem aýdypdyr. Onuň şeýle hereket temeginiň esasy sebäbi, dumanly howada özleri bilen duşmançylykly ýurduň uçar arkaly hüjüm etmek mümkinçiligi uly eken. Şonuň üçin ugurtapyjy žurnalist ýagdaýdan özüçe çykalga tapypdyr. Gürrüňi edilýän taryhy duşuşykda «Harts» we «Haýberninan» toparlary duşuşyp, olaryň ilkinjisi 6:5 hasabynda ýeňiş gazanypdyr.

***

Habar beriş serişdeleriniň dürli görnüşleriniň adamlara elýeterli bolan zamanynda hem radio diňlemäge bolan höwes peselenok. Çünki onuň üçin aýratyn bir wagt sarp etmäge zerurlyk ýok. Ony işläp oturan mahalyň hem diňläp bolýar. Geçirilen pikir soraşmalaryň netijesine görä, ABŞ-da ilatyň 73 göterimi ulaga erk edýän mahaly radio diňleýän eken. Zenanlaryň 46 göterimi aşhanada biş-düş bilen meşgullanýan mahallary radiony açyp goýýandyklaryny aýdypdyrlar. Dünýä boýunça alanyňda, köp adamyň suwa düşünýän mahaly hem radio diňleýändigi belli bolupdyr. Bu görkeziji 23 göterime deň eken.

***

1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde iňlis astronomy Patrik Mur BBC radiosy arkaly çykyş edip, sagat 09.47-de juda seýrek gabat gelýän astronomiki hadysa bolýandygyny, ýagny Pluton bilen Ýupiteriň grawitasion herekete girýändigini aýdypdyr. Munuň bolsa Zeminiň dartyş güýjüni peseltjekdigini nygtap, şol pursat böken her bir adamyň täsin duýgulary başdan geçirjekdigini aýdypdyr. Bellenen sagatdan soň diňleýjileriň ýüzlerçesinden jaň gelipdir. Hatda bir aýal öýüniň içinde dostlary bilen bilelikde sözüň doly manysynda uçandyklaryny gürrüň beripdir.

Makalanyň çeşmesi: "Aşgabat" gazeti

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar