Soňky habarlar

Arhiw

DIŇE TELEWIDENIÝE HAKYNDA

0
5009

 Ilkinji telewizor 1907-nji ýylda Maks Dikman tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Onuň ekranynyň ululygy 3х3 santimetr eken. Onuň ekranyndan her sekuntda 10 kadr geçipdir. XIX asyryň ahyrynda hem telewizor ýasamaga ilkinji synanyşyklaryň edilendigini aýtmak gerek.

***

1931-nji ýylda telewizor önümçiliginde öňegidişlikler peýda bolupdyr. Elektron trubka arkaly şekilleriň görkezilip başlamagy bilen has ýokary hilli telewizor öndürmäge mümkinçilik döräpdir.

***

GDA-nyň giňişligindäki ilkinji telewizor 1949-njy ýylda öndürilipdir. Ol çykan ýyly we oýlap tapan adamlaryň familiýalarynyň baş harplary boýunça «KWN-49» diýlip atlandyrylypdyr. Bu telewizory döredenleriň Kenigson, Warşawskiý we Nikolaýewskiý dagylardygyny ýatladýarys. Şol telewizorlaryň jemi 2,5 million töweregi önümçilige goýberilipdir.

***

Beýik Britaniýada telewizora tomaşa etmek üçin salgyt tölenilýär. Her telewizor satyn alan adamyň ady hasaba alnyp, ol ýylda döwlete 150 funt tölemäge borçly edilýär. Şol serişdeler ВВС teleýaýlymynyň harajatlary üçin sarp edilýär. Muny ady agzalan teleýaýlymda hiç haçan mahabat arkaly gazanç edilmeýändigi bilen düşündirýärler.

***

Telewizora iň köp tomaşa edýän halkyň ýaponiýalylardygy aýan edilipdir. Bu babatda ýörite geçirilen barlaglaryň netijesi boýunça Ýaponiýada adamlaryň bir gije-gündiziň 3-den bir bölegini telewizora tomaşa etmek bilen geçirýändigi ýüze çykarylypdyr.

***

Lukmanlar nahar iýýän mahalyň telewizora seretmegiň zyýanlydygyny aýdýarlar. Telewizora ünsüni sowmak bilen ynsan bedeniniň iýmit siňdiriş agzalarynda näsazlyk ýüze çykýandygy mälim eidlipdir. Şeýle-de, telewizora tomaşa edýän mahalyň nahar iýmek bilen artykmaç agramyň peýda bolmagyna hem mümkinçilik berýändigimizi unutmaly däldiris.

Makalanyň çeşmesi: "Aşgabat" gazeti

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar