Milli futbol ýygyndymyz bilen taryha tarap - 2010

0
1701

2010-njy ýyl: deňeçer finalyň gynançly soňy

2010-njy ýyl türkmenistanly futbol janköýerleriniň, esasan hem, milli ýygyndymyzyň oýunlaryny yzarlaýanlaryň ýadyndan çykmasa gerek. Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky ýygyndymyz AFK-nyň Çagyryş kubogynyň finalyna çykdy. Berdi Şamyradow ilki bolup hasaby açanam bolsa, demirgazyk koreýalylar oýnuň ahyrynda hasaby deňlediler. O-da hiç, netije 11 metrlik jerime urgularyna bagly bolan duşuşykda milli ýygyndymyz 4:5 hasabynda ýeňildi. Ýöne möwsümi milli ýygyndymyzyň halkara derejede şowly çykyş eden möwsümleriniň hataryna goşup bolar. AFK-nyň Çagyryş kubogy yklymyň aşaky derejedäki halkara ýaryşlarynyň biri bolan hem bolsa, milli ýygyndylaryň, şol sanda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem kämilleşip, tejribe toplamagynad uly ähmiýete eýe boldy.

2010-njy ýylyň senenamasynda milli ýygyndymyzyň 4 duşuşygy bar. 11 günüň dowamynda geçirilen şol duşuşyklaryň ählisi hem AFK-nyň Çagyryş kubogyna degişlidir. Şeýlelikde, milli ýygyndymyz 2010-njy ýyldan şu güne çenli 38 duşuşyk geçirildi, olaryň 30-sy resmi, 8-si ýoldaşlyk duşuşygydyr. Ýylyň netijeleri boýunça ýeňiş, deňlik, utulyş: 2/2/0 (häzirki güne çenli: 17/8/17). Pökgi gatnaşygy: 5/2 (häzirki güne çenli: 54/50).

Aziýanyň Çagyryş kubogy — 2010 (17.02.2010 ý.)

Demirgazyk Koreýa — Türkmenistan — 1:1 (Türkmenistanyň goly: Mämmedaly Karadanow 36’).

Aziýanyň Çagyryş kubogy — 2010 (21.02.2010 ý.)

Türkmenistan — Gyrgyzystan — 1:0 (Türkmenistanyň goly: Begli Nurmyradow 70’).

Aziýanyň Çagyryş kubogy — 2010 (24.02.2010 ý.)

Täjigistan — Türkmenistan — 0:2 (Türkmenistanyň gollary: Arslanmyrat Amanow 33’, Didargylyç Urazow 42’).

Aziýanyň Çagyryş kubogy — 2010 (27.02.2010 ý.)

Türkmenistan — Demirgazyk Koreýa — 1:1 (Türkmenistanyň goly: Berdi Şamyradow 34’).

2011-nji ýyldan bäri köp tapawutlanan futbolçylar:

1 Arslanmyrat Amanow 9
2 Berdi Şamyradow 5
3 Süleýman Muhadow 4
4 Guwanç Abylow 4
5 Gahrymanberdi Çoňkaýew 4
Ruslan Mingazow 3
Wladimir Baýramow 3
Altymyrat Annadurdyýew 2
Didar Durdyýew 2
Guwanç Hangeldiýew 2
Didargylyç Urazow 2
Mämmedaly Karadanow 2
Myrat Ýagşyýew 1
Resul Hojaýew 1
Ahmet Ataýew 1
Mekan Saparow 1
Artur Geworkýan 1
Döwlet Baýramow 1
Bagtyýar Hojaahmedow 1
Gurbangeldi Batyrow 1
Elman Tagaýew 1
Aleksandr Boliýan 1
Akmyrat Jumanazarow 1
Wýaçeslaw Krendelýew 1

Begli Nurmyradow 1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar