Türkmen pälwanlarynyň arkasyndaky agyr ýük

0
3274

17-27-nji sentýabrda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň we ähli türkmen ýaşlarynyň sporta bolan hyjuwynyň nähili  uly derejededigini bütin dünýä äşgär etjek iň iri sport çäresidir.

Ýalpyldap duran täze sport desgalary hem-de tälimçilik okuwyny alyp, 65 döwletden myhmanlary Aşgabatda garşy almaga taýýar bolan müňlerçe meýletinçiler bilen, bütin dünýäniň ünsi Türkmenistanyň sporty we sagdyn ýaşaýyş durmuş ýörelgelerini türkmen ýigitleriniň hem-de gelin-gyzlarynyň arasynda öňe sürmeklikde gazanan üstünliklerinde bolar.

Türkmenistanyň bu dereja ýeten üstünlikleri agyr atletika boýunça milli toparynda has aýdyň görünýär, çünki bu toparda erkek türgenlerden zenan türgenleriň sany köpdür.

Adatça, erkek türgenleriň arasynda has uly meşhurlyga eýe bolan we ägirt uly fiziki güýjüni talap edýän bu sport ugry boýunça milli toparyň 13 agzasyndan 7-si zenanlar bolup durýar. Zenan türgenleriň ýaryşlara taýýarlyk döwründe özlerini ynamly alyp barmaklary bolsa, olaryň bar ünsüniň diňe ýeňşe tarap gönükdirilendiginde hiç hili şübhe döretmeýär.

Ýakynda 16 ýaşyny dolduran agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň iň ýaş türgeni Sangiza Bahtyýarowa ýaşyna garamazdan, toparynyň iň ynamly agzasy diýip hasap edilýär. 9-njy synp okuwçysy Sangiza 90 kilogram agyrlyk derejesinde ýaryşmak bilen, watandaş janköýerlerini begendirip biljekdigine ynandyrýar. 

Agyr atletika bilen üç ýyl mundan ozal meşgullanyp başlan Sangiza şeýle diýdi: “Men Taýlandyň paýtagty bolan Bangkok şäherinde 2017-nji ýylyň başynda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä Çempionatyna, paýtagtymyzda geçirilen uly ýaşlylaryň arasynda Aziýa Çempionatyna, şeýle-de “Inspiring Ashgabat” synag çärelerine gatnaşdym. Medal gazanyp bilmedigime garamazdan, bu gün meniň özüme bolan ynamym has ýokary. Dost-ýarlarymyň, şeýle-de maşgalamyň janköýerlik etmegi we berýän goldawy bilen öňümizdäki ýaryşlarda has gowy çykyş etjekdigime ynanýaryn”.

24 ýaşly Kristina Şermetowa milli ýygyndy toparynyň iň uly ýaşly zenan türgenidir. Öň tans bilen meşgul bolan Kristina kakasynyň maslahaty boýunça agyr atletika bilen gyzyklanyp başlady.

“Men 10 ýyl bäri agyr atletika bilen meşgullanýaryn. Dogrymy aýtsam, men uly göwrümli halkara çärelerinde agyr atletika boýunça Türkmenistan Watanymyzyň adyndan çykyş eden ilkinji zenan türgen. Ýagny, men 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Phonthek şäherinde geçirilen Aziýa Çempionatlaryna gatnaşdym. Meniň maksadym Aşgabat 2017-de üstünlikli çykyş etmek bilen, 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda ýokary derejeli türgen hökmünde özümi tanatmak. Ömrümdäki iň uly arzuwym bolsa, Olimpiýa çempiony bolmak” diýip, Krisitina özi barada bize gürrüň berdi.

Şeýle-de, Kristina bize özüniň bu sport bilen meşgullanyp başlamagynyň sebäpleri barada gürrüň berdi: “Haçan-da men ozal tansçy bolandygymy aýdanymda, maňa hiç kim ynanmaýar. Hatda meniň üçin hem tans sportundan agyr atletika geçmek durmuşymda örän uly özgertme boldy. Birnäçe ýyl mundan ozal, meniň kakamyň dosty agyr atletika boýunça tälimçilik mekdebini açdy we kakam meniň ol mekdebe ýazylmagymy isledi. Ilkibaşda men bu pikiri halamadym, emma wagtyň geçmegi bilen kakamyň maslahaty boýunça hereket etmeli diýen çözgüde geldim. Bu çözgüdimiň nähili netijä getirendigini bilýäňizmi? Agyr atletika bilen meşgullanyp başlandygyma henize çenli birje gezek hem ökünemok”.

Erkekleriň arasynda Tolkunbek Hudaýbergenow iň uly ýaşly we iň köp tejribesi bolan türgen. 65 kg agram derejede çykyş etjek 31 ýaşly türgen öz sport ýoluny 1999-njy ýylda başlady. Ol bu babatda şeýle diýýär: “Men agyr atletika boýunça Halkara federasiýanyň 2003-nji ýyldan bäri gurnap gelýän dünýä Çempionatlarynyň ählisine gatnaşdym. Mundan daşary, men Pekin 2008 Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşdym. Öňki Çempionatlarda we Oýunlara gatnaşmak bilen gazanan tejribämi göz öňünde tutup, men özümi Aşgabat 2017 doly taýýar diýip hasap edýärin. Men ýeňiji bolmak üçin örän köp türgenleşdim we öňümizdäki Oýunlarda medal üçin göreşmäge doly taýýar.”

Şöhrat Hojamyradowyň bolsa Aşgabatda geçiriljek Oýunlarda gowy çykyş etmegi üçin başga sebäpleri bar: “Meniň kakam Töremyrat ozal agyr atletika bilen meşgul bolan, men hem kakamyň ýoly bilen gitdim. Kakam sporta örän höwesli adam hem-de meniň türgenleşýän wagtymda  wagtal-wagtal meni synlap durýar we degerli maslahatlary berýär. Eger-de Türkmenistan döwletimiziň çäginde agyr atletika boýunça ýaryş geçirilse, ol hökman meniň çykyşymy görmäge barýar. Ýöne kakam meniň halkara ýaryşlaryndaky çykyşlarymy heniz görenok. Aşgabat 2017 kakam üçin meniň halkara derejeli ýaryşlara gatnaşmagymy synlamak üçin ilkinji mümkinçilik bolar. Men öňümizdäki Oýunlaryň kakam üçin hem ýatdan çykmajak waka bolmagyny isleýärin” diýip Şöhrat bilen gürrüňdeşligimizde aýdyp berdi. 

29 ýaşly Omarguly Handurdyýewiň hem uly halkara tejribesi bolup, 62 kg agram boýunça gazanan ençeme medallary bar.

“Men 13 ýyl bäri agyr atletikaçy bolup gelýärin, ondan öň bolsa uly umyt bildirilýän greko-roman göreşçisidim. Allergiýa infeksiýany başdan geçirenim üçin lukmanlar maňa agyr göreşi taşlamagy maslahat berdiler. Türgen hökmünde men bu ugry bütinleý taşlamak islemedim. Şonuň üçin hem agyr atletika ugruna başdan başladym we henizem şu ugur bilen meşgullanýaryn.” diýip 2011-nji ýylda Özbegistanda geçirilen Aziýa kubogynda  agyr atletikanyň itekläp götermek görnüşi boýunça altyn medala, iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medala mynasyp bolan Omarguly gürrüň berdi. 

Milli toparyň türk tälimçisi Jafer Topçu Aşgabat 2017-de 2 medala garaşýar.

“Türgenlere bary-ýogy ýedi aý bäri tälim berýänligime garamazdan, erkeklerde hem-de zenanlarda azyndan bir medal alyp biljekdigimize berk ynanýaryn. Biz Gazagystanda hem-de ýurdumyzyň Awaza syýahatçylyk zolagynda geçirilen iki sany tälimçilik tapgyryna gatnaşdyk. Bu bolsa olara diýseň köp kömek etdi. Toparymyz taýyn we ýaryşa başlamak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.” diýdi.  

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçiriljek agyr atletika boýunça ýaryşlar 18-25-nji sentýabr aralygynda Olimpiýa şäherjigindäki Agyr atletika arenasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar